ABŞ-da 2016-njy ýyl Pre­zi­dent saý­law­y­nyň ge­çi­ril­ýän ýy­ly hök­mün­de ýur­duň ta­ry­hy­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da öz or­nu­ny al­dy. Ýur­duň esa­sy sy­ýa­sy çä­re­si­niň ge­çi­ril­ýän gü­ni hem ge­lip ýet­di. Res­pub­li­kan­la­ryň da­laş­gä­ri Do­nald Tramp saý­law we­kil­le­ri­niň 289-sy­nyň gol­da­wy­na eýe bo­lup, ýur­duň 45-nji Pre­zi­den­ti bol­dy. Da­laş­gär­le­riň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy üçin ştat­lar bo­ýun­ça saý­law we­kil­le­ri­niň 270-si­niň gol­da­wy­na eýe bol­ma­gy ge­rek.

Demokratlaryň dalaşgäri Klinton bolsa saýlaw wekilleriniň 218-siniň goldawyna eýe boldy. Saý­la­wyň ne­ti­je­le­ri­ni Mi­çi­gan hem-de Wis­kon­sin ştat­la­ry mä­lim et­di. Her iki ştat şu wag­ta çen­li De­mok­rat­la­ryň da­laş­gä­ri­ne ses ber­ýän eken. Ýö­ne bu ge­zek Res­pub­li­kan­lar hem haý­ran gal­dy. Şu ştat­lar­da Do­nald Tramp üs­tün­lik ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, Kong­res­de-de Res­pub­li­kan par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň sa­ny kö­pel­di.
Metbugatyň maglumatlaryna görä, Donald Tramp saýlaw wekilleriniň goldawynyň esa­syn­da prezidentlige saýlandy. Se­bäbi onuň esasy bäsdeşi Hillari Klin­ton saýlawçylaryň sesleriň köp bö­legini aldy. Klinton sesleriň 47,6 göterimine, Tramp bolsa 47,5 gö­te­ri­mine eýe boldy. Ýurduň ka­nun­çy­lygyna laýyklykda, saýlawyň ýe­ňijisini saýlaw wekilleri mälim edýär. Şeýle ýagdaý indi 5 gezek gaýtalanýar. Iň soňky gezek 2000-nji ýylda Jorj Buşuň (kiçisi) bilen Albert Goruň arasynda bolupdy. Mundan başga-da 1824, 1876 we 1888-nji ýyllarda şu ýagdaýa gabat gelnipdi.
Ýy­lyň il­kin­ji gün­le­rin­den baş­­lap, bu sy­ýa­sy çä­re ýur­duň gün­de­lik jem­gy­ýe­ti­niň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­lip­di. Il­ki­baş­da saý­la­wa gat­naş­ýan par­ti­ýa­la­ryň öz ara­syn­da il­kin­ji saý­law­ ge­çi­ril­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, iýun-iýul aý­la­ryn­da he­mi­şe­ki ýa­ly, ABŞ-da­ky pre­zi­dent saý­law­yn­da öza­ra bäs­leş­ýän iki sy­ýa­sy par­ti­ýa – De­mok­rat­lar bi­len Res­pub­li­kan­lar da­laş­gär­le­ri­ni tas­syk­la­dy. De­mok­rat­lar­dan ýur­duň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri, baş ha­ny­my bo­lan Hil­la­ri Klin­ton bi­len Res­pub­li­kan­lar­dan işe­wür Do­nald Tramp my­na­syp gö­rül­di.
ABŞ-nyň hal­ky pre­zi­dent saý­law­y­na gat­naş­mak bi­len di­ňe ýur­duň Pre­zi­den­ti hem-de wi­se-pre­zi­den­ti­ni däl, eý­sem, ýur­duň Kong­re­si­niň dü­zü­min­dä­ki we­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň 435 de­pu­ta­ty­ny, 100 ag­za­sy bo­lan Se­na­tyň üç­den bi­ri­ni hem-de kä­bir şta­tyň gu­ber­na­tor­la­ry üçin hem ses ber­di.
ABŞ-da­ky 37 ştat bi­len bir ha­tar­da, paý­tagt Wa­şing­ton­da 26-njy okt­ýabr­da wag­tyn­dan öň ses be­riş­lik baş­lan­dy. Möh­le­tin­den öň ses be­riş­li­ge 43 mil­li­on­dan gow­rak ada­myň gat­na­şan­dy­gy mä­lim edil­di.

Do­nald Jon Tramp 1946-njy ýy­lyň 14-n­ji iýu­nyn­da Nýu-Ýork şta­tyn­da dün­ýä in­di. Ol ame­ri­ka­ly işe­wür, sy­ýa­sat­çy, Res­pub­li­kan par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy, me­dia mag­nat, ýa­zy­jy, “Trump Or­ga­ni­za­ti­on” gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy, “Trump En­ter­ta­in­ment Re­sorts” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy­dyr. Ol 2015-nji ýy­lyň 16-njy iýu­nyn­da Res­pub­li­kan par­ti­ýa­syn­dan da­laş­gär bol­dy. 2016-njy ýy­lyň iýulyndan bol­sa, şol par­ti­ýa­dan res­mi da­laş­gär­li­gi tas­syk­lan­dy.
Do­nald Tramp işe­wür hök­mün­de ABŞ-nyň Pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär gör­ke­zi­len ikin­ji adam bol­dy. Mun­dan ozal, 1940-njy ýyl­da Uen­dell Uil­ki döw­let baş­tu­tan­ly­gy­na da­laş­gär gör­ke­zi­lip­di. Şeý­le­lik­de, Tramp mun­dan ozal, sy­ýa­sat bi­len köp meş­gul­lan­ma­dyk il­kin­ji Pre­zi­dent­dir.
Ol 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipesine girişer.