Fransiýada prezident saýlawynyň birinji tapgyrynyň geljek ýylyň 10-njy aprelinde, ikinji tapgyrynyň 24-nji aprelde geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Fransiýanyň konstitusiýasynyň 7-nji maddasyna görä, ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň wezipesi 13-nji maýdan öň täze saýlanan prezidente tabşyrylmaly. Geljek ýyl geçiriljek saýlawyň Bäşinji Respublikanyň on ikinji prezident saýlawy boljakdygy mälim edildi. Bu saýlawa “Milli front” partiýasyny ýolbaşçysy Marin Le Pen, “Ýeriňden tur Fransiýa” partiýasynyň ýolbaşçysy Nikolýa Dýupon-Enýan, “Boýun egmeýän Fransiýa” partiýasynyň ýolbaşçysy Žan-Lýuk Melanşon we Ksawýe Bertran resmi ýagdaýda dalaşgärdiklerini mälim etdiler. Ann Idalgo hem-de häzirki Prezident Emmanýuel Makronyň hem dalaşgärligini hödürlemegine garaşylýar.