Ses­le­riň kö­pü­si­ne eýe bol­dy. Er­me­nis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Ni­kol Pa­şin­ýan özü­niň «Ra­ýat şert­na­ma­sy» par­ti­ýa­sy­nyň tä­ze saý­la­nan Par­la­ment­de kons­ti­tu­si­ýa köp­lü­gi­ni alyp, hö­kü­met gur­jak­dy­gy­ny aýt­dy. 20-nji iýun­da ge­çi­ri­len no­bat­dan da­şa­ry Par­la­ment saý­law­la­ryn­da «Ra­ýat şert­na­ma­sy» par­ti­ýa­sy 53,92% ses alyp, öň­de­li­gi eýe­le­di. «Er­me­nis­tan» bi­le­le­şi­gi 21,04% ses al­dy. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 49,41% bo­lup, bu sy­ýa­sy çä­rä 25 par­ti­ýa we bi­le­le­şik gat­naş­dy.

Iň baý adam. Fran­suz te­le­ke­çi­si Ber­nar Ar­no bir aýyň için­de ikin­ji ge­zek dün­ýä­niň iň baý ada­my bol­dy. Ol ýe­ne-de ame­ri­kan «Ama­zon»-yny esas­lan­dy­ry­jy Jeff Be­zos­dan öňe geç­di. Bu ba­ra­da «For­bes» žur­na­ly ha­bar ber­di. Te­le­ke­çi­niň baý­ly­gy 200 mil­liard dol­lar­dan geç­ýär. Ar­no soň­ky iki aý­da 50 mil­liard dol­lar ga­zan­mak ba­şart­dy. Ýan­war aýyn­da onuň kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry meş­hur «Tif­fa­ny» zer­gär­lik kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy üç mil­liard dol­la­ra sa­tyn alyn­dy.

Ze­nan ýol­baş­çy­lyk eder. Ita­li­ýa­ly kos­mo­nawt ze­nan Sa­man­ta Kris­to­fo­ret­ti Ýew­ro­pa­dan Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy­na ug­ra­dyl­jak hem-de bu eki­pa­ža ýol­baş­çy­lyk et­jek il­kin­ji ze­nan bo­lar. Kris­to­fo­ret­ti bi­len bir­lik­de ABŞ-nyň ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos bar­lag­la­ry bo­ýun­ça Mil­li mü­dir­li­gi­niň kos­mo­nawt­la­ry Kell Lindg­ren we Bob Haýns Hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy­na gi­der­ler. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň uçar­man­ly kos­mos gä­mi­si «Crew Dra­gon» 2022-nji ýyl­da Flo­ri­da­da­ky Ka­na­we­ral kos­mod­ro­myn­dan uçu­ry­lar.

Bots­wa­na­dan ta­py­lan göw­her. Bots­wa­na­nyň paý­tag­ty Ga­bo­ro­ne­de «Debs­wa­na» göw­her kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri Pre­zi­dent Mokg­wit­si Ma­si­sä we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry­na 1098 ka­rat (219 gram) ag­ram­ly göw­her sow­gat ber­di. 1-nji iýun­da ýur­duň gü­nor­ta­syn­da­ky Jwa­neng kä­nin­den ta­py­lan bu daş Bots­wa­na­nyň hö­kü­me­ti bi­len dün­ýä­niň göw­her ägir­di «De Beers»-iň bi­le­lik­dä­ki esas­lan­dy­ran kär­ha­na­sy­nyň ta­ry­hyn­da iň uly gym­mat­lyk­dyr. Ta­py­lan göw­her iň uly bäş da­şyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.