Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň Ýokary kazyýetiniň başlygy Seýed Ebrahim Raisi 17,926,345 (61,95%) ses alyp, ýurduň Prezidenti boldy. Saýlawlarda ses bermäge hukugy bolan 59 310 307 saýlawçydan 28 933 004 adam ses berdi. Saýlawa gatnaşyk 48,8 göterime deň bolup, mundan ozalky geçirilen saýlawlarda ses berişligiň 50 göterimden az bolmandygy habar berilýär. Mundan başga-da Mohsen Rezai 3,412,712 (11,79%) sese, Abdolnaser Hemmati 2,427,201 (8,38%) sese, Hosseýn Gazizade Haşemi 999,718 (3,45%) sese eýe boldy.
Şeýlelikde, 18-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynda 13-nji Prezident saýlawlary geçirildi. Dalaşgär saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin azyndan, 50 göterim we ýene-de bir ses almalydy. Ilkibaşda prezidentlige ýedi dalaşgär bardy, ýöne ahyrynda dört adam bu wezipe üçin bäsleşdi: Ýokary kazyýetiň başlygy Ebrahim Raisi, Eýran Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Huseýin Gazizade Haşemi, kabul edilen kararlaryň maksadalaýyklygy baradaky geňeşiniň sekretary Mohsen Rezai we Eýranyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Abdolnaser Hemmati.
Ýurduň häzirki Prezidenti Hasan Ruhani Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen Ebrahim Raisini gutlap, onuň 2021-nji ýylyň 3-nji awgustyndan ähli eýranlylaryň Prezidentidigini mälim etdi. Saýlaw güni ýurduň çäginde, takmynan, 66,8 müň saýlaw uçastogy açyldy. Eýranyň raýatlary dünýäniň beýleki 133 ýurdunda açylan 234 saýlaw uçastogynda hem ses berdiler.
Eýranyň döwlet işgäri Ebrahim Raisi 1960-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Eýranyň Maşat şäherinde dünýä indi. 1980-nji ýyldan bäri hukuk ugrundan dürli wezipelerde işlän Raisi 2019-njy ýylda ýurduň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine bellendi. Ebrahim Raisiniň aýaly Jamila Alamolhoda Eýranyň Şahid Beheşti adyndaky uniwersitetiniň dosenti hem-de pedagogika ylymlary we psihologiýa fakultetiniň ylmy toparynyň agzasydyr. Maşgalanyň iki gyzy bar.