Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň inženerleri VR (wirtual hakykat) giňişlik üçin niýetlenen “akylly haly”-ny döretdiler. Bu “haly” türgenleşikde, işde we okuwda peýdalanylar. Onuň ölçegi 3,3 inedördül metre deň bolup, basyşa duýgur plýonkalardan we geçiriji filamentden ybarat 9000-den gowrak sensordan emele gelipdir. Aslynda, halynyň dürli böleklerine agram düşende, basyşyň ululygyna, ulanylýan ýerine we basyş nokatlarynyň otnositel ýagdaýyna baglylykda dürli elektrik signallary döredilýär. Innowasion haly işlenip düzülende meýletinçilerden kömek soraldy. Olar ýöremek, oturmak, iteklemek, ýoga hereketlerini ýerine ýetirmek, ýatmak, togalanmak we uçmak ýaly dürli hereketleri ýerine ýetirdiler. Netijede, ýöremek, ýoga maşklaryny ýerine ýetirmek üçin belli bir aralyga çenli ýokaryk galmak hem-de bellenilen ýere çenli beýik bolmadyk belentlikde uçmak ýaly çäreleriň ählisini ýörite ulgam arkaly dolandyrmak başartdy. Ulgam hereketleri 97% takyklyk bilen anyklady.