ABŞ-nyň töleg ulgamy “Visa” Şwesiýanyň “Tink” startap platformasyny satyn aljakdygyny habar berdi. Ylalaşyk 1,8 milliard ýewro barabar bolar. 2020-nji ýylyň dekabrynda bu hyzmatdaşlygyň bahasynyň 680 million ýewro boljakdygy çaklanylypdy. “Visa” “Tink” brendini saklamak isleýär, şoňa görä, bu hyzmaty häzirki ýolbaşçylar tarapyndan dolandyrylmagy dowam etdirerler we onuň ştab-kwartirasy Stokgolmda galar.
Bu hyzmatyň satyn alynmagy, “Visa”-nyň başga bir finteks-startapy – amerikan “Plaid”-ini satyn almagy başa barmandan gysga wagt soň yglan edildi. “Visa” ony geçen ýyl satyn almaga razy bolupdy, ýöne ýanwar aýynda ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň talaplary sebäpli birleşmekden ýüz öwürmeli bolandygyny habar berdi.
“Tink” we “Plaid” açyk banking atly ugurda işleýär. Bu ýerde gürrüň müşderileriň razylygy bilen işläp düzüjilere we üçünji tarapa bank maglumatlaryna elýeterliligi üpjün edýän açyk API-leri (amaly programma interfeýsleri) ulanmak barada barýar. Şeýle maglumatlar täze maliýe önümlerini döretmäge, bank hasaplaryny ykjam programmalar we şuňa meňzeşler bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Açyk banking, esasan hem, Ýewropa Bileleşigi we Beýik Britaniýada agdyklyk edýär. Bu ýurtlarda düzgünler, maliýe guramalaryndan bäsdeşligi dowam etdirmek üçin hasaba alnan üçünji taraplara ulanyjynyň maglumatlary bermegini talap edýär. 2012-nji ýylda döredilen “Tink”, takmynan 3,4 müň bank we beýleki maliýe guramalary bilen tutuş Ýewropada 250 milliondan gowrak müşderisi bilen hyzmatdaşlyk edýär.