Halkara Pul Gaznasynyň Dolandyryjylar Geňeşi pandemiýa bilen  göreşmek maksady bilen, esasan, ösüp barýan ýurtlar üçin taýýarlan 650 milliard dollarlyk gazna biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde, halkara maliýe guramasy pandemiýa bilen göreşmekde dürli ýurtlara pul serişdeleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam eder. Halkara Gazna agza ýurtlaryň 24 wekilinden hem-de Başlyk Kristalina Georgiýewadan emele gelen dolandyryjy geňeş täze maksatnama goldaw berdi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin gurama agza 190 ýurduň maliye ministrlerinden ýa-da Merkezi bankyň başlyklaryndan emele gelen dolandyryjylar geňeşi tarapyndan ahyrky goldaw berilmegi zerurdyr. Georgiýewanyň dolandyryjylar geňeşine hödürlejek hasabaty mundan soňky ädim bolup, maksatnama ses berlişige hödürlener.