Kopengagende oýnalan Horwatiýa-Ispaniýa duşuşygy taryhy oýunlaryň biri hökmünde hasaba alyndy. Çekeleşikli geçen oýun Ispaniýanyň ýygyndysy goşmaça wagtda ýeňiş gazanmagy başardy. Oýnuň 20-nji minutynda Horwatiýanyň ýygyndysy Pedriniň ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçiren täsin goly bilen öňe saýlandy. 38-nji minutda Pablo Sarabiýa hasaby deňledi. 57-nji minutda Sezar Azpilikueta özüniň 27-nji duşuşygynda ilkinji milli goluny geçirdi. 77-nji minutda Ferran Torres 3-nji goly-da horwatlaryň derwezesinden girizdi. Oýnuň 85-nji minutda 67-nji minutda oýna giren Mislaw Orşiç horwatlaryň 2-nji goluny geçirdi. Bu goldan 7 minut soň onuň pasy bilen Mario Paşaliç hasaby deňläp, ýeňijiniň goşmaça wagtda belli boljakdygyny mälim etdi. Goşmaça wagtyň ilkinji minutlarynda horwatlar örän amatly pursatlardan peýdalanyp bilmändigini belläliň. Oýnuň 100-nji minutynda Olmonyň pasyndan soň owadan urgy bilen Alwaro Morata, 3 minutdan soňam ýene-de Olmonyň asist etmeginde Mikel Oýarzabal tapawutlandy. Şeýlelikde, 5-3 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýa çärýek finalda şweýsarlaryň bäsdeşi boldy. Bu duşuşyk Ýewropa çempionatlarynyň taryhyndaky iň köp golly 2-nji duşuşyk hökmünde hasaba alyndy. Mundan öňde 1960-njy ýyldaky Fransiýa-Ýugoslawiýa duşuşygy bolup, ýugoslawlar 5-4 hasabynda ýeňiş gazanypdy.