Global ykdysadyýetiň 2021-nji ýylda 5,6 göterim ösmegine garaşylýar. Bütindünýä bankynyň taýýarlan maglumatynda bu barada habar berilýär. Bu çaklama ýanwar aýyndakydan 1,5 göterim ýokarydyr. Bilermenler pandemiýadan soňra ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dikelýändigini we ýokary depginler bilen ösýändigini belleýärler. Global ykdysadyýetiň ösüşinde hem uly ýurtlaryň garaşylandan çalt depginler bilen ösmeginiň täsiriniň köpdügi bellenilýär.
Bankyň maglumatlaryna görä, global ykdysadyýet geljek ýylda 4,3 göterim öser. Bu görkeziji ýanwar aýyndakydan 0,5 göterim köp. Hasabatda geçen ýyl dünýä ykdysadyýetiniň 3,5 göterim pese gaçandygy aýdylýar.
Hytaýda 8,5 % ösüşe garaşylýar
Bank Hytaýyň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 8,5 göterim ösmegine garaşylýandygyny habar berdi. Pandemiýadan soňra ýurduň ykdysadyýeti çalt depginler bilen dikelýär. Maglumatnamada zawod-fabrikleriň işjeňliginiň we sarp edijileriň isleginiň pandemiýadan öňki döwürdäki derejä ýetendigi bellenildi. Geljek ýylda bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň 5,4 göterim ösmegine garaşylýar. Bank aprel aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň 8,1 göterim ösjekdigini çaklapdy.
Batyr Gutlymyradow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.