Her möwsümiň özüne mahsus häsiýetiniň bolşy ýaly, tomus paslynyň hem özboluşly aýratynlyklary bar. Adamlar tomsuna yssy howa, bedeniň çyglylygynyň peselmegi, iýmit siňdirişiň kynlaşmagy ýaly birnäçe ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolup, has köp energiýa sarp edýärler. Mundan başga-da, Gün radiasiýasyna, epgek öwüsmelerine, tozan bölejiklerine döz gelmeli bolýarlar. Bulary ýeňip geçmek üçin bolsa, möwsüme görä saýlanan iýmit üpjünçiligi zerurdyr. Şol sebäpli iýmit sanawynda miweler, şerbetler, balyk, süýt we bakja önümleri hökmany bolmalydyr.
Tomus – miweleriň möwsümi
Tomus erik, alma, armyt, ülje we ýene-de köp sanly miweleriň ýetişýän möwsümidir. Şonuň üçin hem miweleriň dürli görnüşlerini gündelik iýmit sanawyňyza goşup, bedeni witaminler bilen güýçlendirmek zerurdyr. Miweleri az-azdan iýmek bolsa miweleriň çalt özleşmegini we iýmit siňdirişiň az energiýa harçlamagyny üpjün edýär.
Gök önümler
Gök önümler bedeniň deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan witaminleri özünde jemleýän iýmit toplumydyr. Sogan, hyýar, pomidor, şugundyr, käşir tomusky iýmitleniş üçin amatlydyr. Olardan taýýarlanan işdäaçarlara limon suwuny, az mukdarda zeýtun ýagyny hem goşup bilersiňiz.
Hoşboý ysly otlar
Gök otlar işdäaçara, çorba goşulanda hoşboý tagam berýär. Bazilik, reýhan, sarymsak, petruşka, ukrop, gorçisa tohumy iýmit sanawynda bolmaly esasy zatlardyr. Hoşboý ysly otlar metabolizmi ep-esli çaltlandyrýar we kaloriýany ýakýar, kadaly agramy üpjün edýär.
Içgiler
Bedeni gandyrýan derejede suw içiň! Şekerli, gazlandyrylan içgilere bil baglamaň! Olar aşa köp sarp edilse agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Oňa derek limon bölekleri garylan arassa suw, içi gök önümli ýa-da otly aýran, düýe çaly, sowuk gök çaý, garpyz şerbedini, ter miwelerden taýýarlanan içgileri, miwe şirelerini içmek maslahat berilýär. Eger köp mukdarda suw içmekden kynçylyk çekýän bolsaňyz, onuň ýerini düzüminde köp mukdarda suw saklaýan miweler bilen çalşyp bilersiňiz.
Tomusda önümleri nähili saýlamaly?
Yssyda iýmit has çalt zaýalanýar, şonuň üçin gök önümleriň, miweleriň, etiň we süýt önümleriniň hiline üns bermeli. Çalt çüýreýän ýa-da terligini ýitirýän gök önümleri diňe gerekli mukdarda satyn alyň! Galyberse-de, iýmit sowadyjynyň daşynda 2 sagat duranyndan soň, patogen bakteriýalar işjeň köpelýär we zäherlenmä sebäp bolýan toksinler bölünip çykýar. Şol sebäpli iýmitleriň kadaly şertlerde saklanmalydygyny unutmaň!
Arassaçylyk sagdynlygyň açarydyr. Saçaga goýlan miwedir gök önümleri talabalaýyk ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Iýýän ýa-da içýän zadyňyzyň arassadygyna we ulanyş möhletiniň ýaramlydygyna göz ýetiriň! Nahar iýmezden ozal, eliňizi ýuwuň we ýygy-ýygydan zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanyň!
Aýna Şadurdyýewa,
Kerki etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň işgäri.