Italiýanyň paýtagty Rimdäki Kolizeý arenasynyň ýerasty geçelgelerine ilkinji gezek köpçüligiň girmegine rugsat berler. Iki müň ýyllyk amfiteatr ertirden başlap ilkinji myhmanlaryny kabul eder. Binanyň astynda ýerasty geçelgeler, otaglar we kapasalar bar. Labirint görnüşli dälizler şu wagta çenli ýapyk durupdy. Kolizeý Arheologik seýilgähiň müdiri Alfonsina Russo myhmanlaryň kabul edilip başlanjak bölüminiň arenada görkeziljek çykyşlara taýýarlanylýan ýerdigini belleýär. Şol döwre degişli lift arkaly arena sahna üçin gerekli zatlar, söweşijiler we haýwanlar getirilip, taýýarlyk görülýän eken. Russo golaýda abatlanan «hypogeum» atly ýerasty däliziň bu ýeriň taryhyny öwrenmek üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Rim imperiýasynyň iň uly amfiteatry hem-de ýurduň iň meşhur syýahatçylyk nokady bolan Kolizeý 2011-nji ýyldan bäri abatlanýardy. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin moda ägirdi «Tod’s» 30 million dollar bagyş etdi. Bu ýerde 80 arheolog, binagär we inžener myhmanlaryň geçmegi üçin 160 metrlik dälizi iki ýyllap abatladylar.
Kolizeýiň gurluşygy 72-nji ýylda imperator Wespasian döwründe başlanyp 80-nji ýylda Tit döwründe gurlup gutarylypdyr. Soňky ýyllarda hem goşmaça binalar goşulan ymarat ilkibaşda diňe «Arena» diýlip atlandyrylýardy. Soňra bolsa onuň girelgesindäki heýkeliň ady berildi. Bu äpet bina 2007-nji ýylyň 7-nji iýulynda «dünýäniň ýedi täsinliginiň» biri hasaplandy.
Nursähet Allamyradow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.