Dalaşgärler belli boldy. Ger­ma­ni­ýa­nyň «Ýa­şyl­lar» par­ti­ýa­sy­nyň gu­rul­ta­ýy An­na­le­na Baer­bok bi­len Ro­bert Ha­be­kiň 26-njy sent­ýabr­da Bun­des­ta­ga ge­çi­ril­jek saý­law­lar üçin saý­law sa­na­wy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Ýö­ne kans­ler­li­ge da­laş­gä­riň An­na­le­na Baer­bok bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Şeý­le­lik bi­len, bu par­ti­ýa il­kin­ji ge­zek öz we­ki­li­ni Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne hö­dür­le­di. Saý­law­lar­da «Ýa­şyl­lar» ses­le­riň köp­lü­gi­ne eýe bo­lup, koa­li­si­ýa hö­kü­me­ti­ni gur­ma­gy ba­şar­sa, Baer­bok kans­ler we­zi­pe­si­ni eýe­läp An­ge­la Mer­ke­liň or­nu­ny tu­tar.

Wa­tan­çy­ly­gy öw­re­der. ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­ty­nyň res­pub­li­kan gu­be­rna­to­ry Ron De­san­tis döw­let mek­dep­le­rin­de ra­ýat bi­li­mi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we wa­tan­çy­lyk söý­gü­si­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze mak­sat­na­ma­ny yg­lan et­di. De­san­tis okuw­çy­la­ra or­ta mek­de­bi gu­ta­ran­dan soň ra­ýat­ly­gyň esas­la­ry­nyň he­mi­şe mö­hüm bol­jak­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä, ça­ga­lyk­dan bu bi­lim­le­riň düý­bü­ni goý­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny aýt­dy. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ene-ata­lar ça­ga­la­ry­ny ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ug­rat­maz­dan ozal, wa­tan­çy­lyk duý­gy­la­ry­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­ni is­le­ýär­ler.

Şa­za­da ba­gyş­la­nan şa­ýy­lyk. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň pul gaz­na­sy şa aýal Ýe­li­za­we­ta­nyň adam­sy, ap­rel aýyn­da 99 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çy­kan şa­za­da Fi­li­ppiň ýa­dy­gär­lik şa­ýy­ly­gy­nyň zik­ge­le­nen­di­gi­ni mä­lim et­di. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň pul gaz­na­sy öz saý­tyn­da Fi­li­ppiň şe­ki­li goý­lan şa­ýy­lyk­la­ry sa­tyn al­mak üçin hö­dür­le­ýär. «Onuň Aly­hez­ret­le­ri, Edin­burg ger­so­gy, şa­za­da Fi­lip­piň hor­ma­ty­na Ko­rol­ly­gyň pul gaz­na­sy onuň öm­rü­ni we mi­ra­sy­ny hor­mat­lap, ýa­dy­gär­lik şa­ýy­lyk çy­kar­dy» diý­lip, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň pul gaz­na­sy­nyň wekilleriniň be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.

Kwant teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ma­ýa go­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň kans­le­ri An­ge­la Mer­kel fe­de­ral hö­kü­me­tiň ýa­kyn dört ýyl­da kwant teh­no­lo­gi­ýa­sy­na 2 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­jak­dy­gy­ny aýt­dy. – Ger­ma­ni­ýa kwant teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny öw­ren­mek­de dün­ýä li­der­le­rin­den bi­ri­dir. 2025-nji ýy­la çen­li bu pu­da­ga goş­ma­ça 2 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýa­rys – di­ýip, Enin­gen­dä­ki IBM kwant komp­ýu­te­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi­ne on­laýn gat­na­şan An­ge­la Mer­kel aýt­dy. Enin­gen­de işe gi­ri­zi­len bu komp­ýu­ter, Ýew­ro­pa­da­ky iň güýç­li söw­da mak­sat­ly kwant komp­ýu­ter­dir.

Agaç­ly meý­dan­lar art­ýar. Hem­ra ar­ka­ly al­nan su­rat­lar 2000-nji ýyl­dan bä­ri dün­ýä­de tä­ze eki­len agaç­la­ryň dört­den bir bö­le­gi­niň Hy­ta­ýyň pa­ýy­na düş­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. HHR-iň Döw­let Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan be­ýa­nat­da Hy­ta­ýyň bu ugur­da­ky go­şan­dy uly bo­lup, äh­li ýurt­lar­dan öň­de bar­ýar. Be­ýa­nat­da Hy­ta­ýyň 2020-nji ýyl­da kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 48,4 gö­te­rim azal­dyp, 2005-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, zy­ýan­ly gaz­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 40-45 gö­te­rim azalt­mak me­ýil­na­ma­sy­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi mä­lim edil­ýär.

30,5 mil­liard ýewro alar. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň di­kel­diş we dur­nuk­ly­lyk gaz­na­syn­dan Gre­si­ýa 30,5 mil­liard ýew­ro goý­be­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. On­dan öň Ita­li­ýa, Is­pa­ni­ýa we Por­tu­ga­li­ýa pan­de­mi­ýa­dan soň Yk­dy­sa­dy di­kel­diş mak­sat­na­ma­sy­na goý­be­ri­len 750 mil­liard ýewro se­riş­de­le­ri ulan­mak üçin «ýa­şyl yşyk» alyp­dy. Bu mak­sat­na­ma ge­çen ýy­lyň iýul aýyn­da 27 döw­let we hö­kü­met baş­tu­ta­ny ta­ra­pyn­dan tas­syk­lan­dy. Bu pul döw­let eda­ra­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak we iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ula­ny­lar.

«Tink»-i sa­tyn al­ýar. ABŞ-nyň tö­leg ul­ga­my «Visa» Şwe­si­ýa­nyň fin­teks plat­for­ma­sy «Tink»-i sa­tyn al­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Yla­la­şyk 1,8 mil­liard ýew­ro bo­lar. «Visa» «Tink» bren­di­ni sak­la­mak is­le­ýär, şo­ňa gö­rä, bu hyz­ma­tyň hä­zir­ki ýol­baş­çy­lar ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ma­gy do­wam et­di­ri­ler we onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Stok­golm­da ga­lar. «Tink» açyk ban­king at­ly ugur­da iş­le­ýär. 2012-nji ýyl­da dö­re­di­len «Tink», tak­my­nan, 3,4 müň bank we beý­le­ki ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len tu­tuş Ýew­ro­pa­da 250 mil­li­on­dan gow­rak müş­de­ri­si bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Di­ňe elekt­rou­lag­la­ry ön­dü­rer. Ger­ma­ni­ýa­nyň aw­to­kon­ser­ni «Audi» için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­li aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni bes et­mek bo­ýun­ça anyk me­ýil­na­ma­la­ry yg­lan et­di. «2026-njy ýyl­dan baş­lap, «Audi»-niň tä­ze mo­del­le­ri­niň hem­me­si elekt­rou­lag­lar bo­lar» di­ýip, kon­ser­niň ýol­baş­çy­sy Mar­kus Dýuz­man ha­bar ber­di. 2025-nji ýy­la çen­li «Audi»-niň ky­sy­myn­da 20-den gow­rak elekt­rou­lag bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şun­luk­da, için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri bo­lan aw­tou­lag­la­ryň önüm­çi­li­gi­niň 2033-nji ýy­la çen­li kem-kem­den bes edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.