Is­len­dik aka­ryň göz­ba­şy­nyň bol­şy ýa­ly, güýç­li ze­hi­niň hem özü­ni açyp bil­me­gi üçin ýü­re­giň yh­la­sy­ny ug­ruk­dy­ry­jy baş­lan­gyjy bol­ma­ly. Şeý­le bo­lan­da te­bi­gy ze­hin edil jan­ly da­rag­tyň ga­ra da­şy ýa­ryp çy­ky­şy de­ýin öz-özün­den ör­ňe­ýär gi­di­ber­ýär. Ine, şeý­le ze­hin­li­le­riň bi­ri bo­lan Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler dö­re­di­ji­lik öýü­niň ýol­baş­çy­sy Gü­lä­lek Ba­ba­ku­lo­wa­nyň «gur­jak­ly dün­ýä­si» hem şol ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­dan göz­baş alyp gaý­dyp­dy. Ena­ýy­ja gur­jak­la­ry mil­li ly­bas­lar bi­len be­ze­mek, aras­sa­çy­ly­gy­na se­ren­jam ber­mek Gü­lä­le­giň mu­gal­lym bol­mak ar­zu­wy­nyň çür­ba­şyn­da­dy. Işi­ne ber­len us­sat il­kin­ji sün­nä­län gül­tah­ýa­sy­ny, ke­te­ni köý­ne­ge, gyr­my­zy ça­by­da sa­lan na­gyş­la­ry­ny hem özü­niň il­kin­ji gur­ja­jy­gy­na ni­ýet­läp­di.
Ne­si­be­si çe­kip, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Änew şä­he­ri­ne ge­lin bo­lup dü­şe­nin­den kän wagt geç­män­kä Gü­lä­le­giň ýe­ne-de bir «gur­ja­jy­gy» – gy­zy Aý­lar dün­ýä in­ýär. In­di üç bo­lan «jo­ra­la­ryň» wag­ty has hem gy­zyk­ly geç­ýär. Ar­zu­wy­na gow­şan Gü­lä­lek Ak bug­daý et­ra­byn­da­ky 30-njy or­ta mek­dep­de ça­ga­la­ra bi­lim ber­ýän döw­rün­de mil­li ly­bas­la­ryň üs­ti bi­len, ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­sö­ýü­ji­lik, hal­ky­my­zyň mil­li ru­hy-ah­lak sy­pat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ter­bi­ýe­le­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Us­sat mu­gal­ly­myň bu pi­ki­ri­ni kär­deş­le­ri hem gol­da­ýar­lar. Şeý­dip, in­di sa­pa­ga­ra bag­la­ny­şyk­da, usu­ly sa­pak­lar­da Gü­lä­lek mu­gal­ly­myň gur­jak­la­ry köp­çü­lik bi­len tan­şyp ug­ra­ýar­lar. Mu­gal­lym gur­jak­la­ry­nyň mil­li ly­bas­la­ry­nyň üs­ti bi­len, okuw­çy­lar­da mil­li­lik, me­de­ni mi­ra­sy­my­za buý­sanç duý­gu­sy­ny we olar­da ene-ma­ma­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan şeý­le se­ne­tiň in­çe syr­la­ry­ny öw­ren­mek hö­we­si­ni dö­red­ýär. Bu ha­ýyr­ly işe daş-tö­we­rek­den hem he­ma­ýat gel­ýär. Her kim ýer­li-ýer­den mu­gal­ly­ma öz gur­jak­la­ry­ny ge­ti­rip gow­şur­ýar­lar. Ze­nan mu­gal­lym hem öz ge­ze­gin­de ge­ti­ri­len gur­jak­la­ryň ba­şy­ny gül­tah­ýa, eg­ni­ni ke­te­ni­dir ça­byt bi­len sün­nä­läp be­ze­ýär. El iş­le­ri­niň ag­la­ba­sy­na «iç­ýan nag­şy» bi­len görk be­ren mu­gal­lym bu nag­şyň göz­den-dil­den go­ra­ýan­dy­gy­na ynanylýandygyny bel­le­ýär.
Söh­bet­deş bol­mak mak­sa­dy bi­len, mu­gal­ly­myň iş ota­gy­na ba­ra­ny­myz­da, ota­gyň tu­tuş­ly­gy­na türk­men mil­li na­gyş­la­ry, mil­li­li­ge saz­la­şyk­ly, öz­bo­luş­ly be­ze­len­li­gi, mah­la­sy, yh­las siň­di­ri­len el iş­le­ri­niň ne­pis gö­zel­li­gi ün­sü­mi­zi çek­di. Otag­da el­de do­ka­lan ke­te­ni­le­riň älem­go­şar deý öwüş­gi­ni, aý­na per­de­si­niň na­gyş­la­ry, el iş­le­ri­ne ez­ber se­net­çä ma­ma­sy­nyň sow­gat be­ren ha­ly­ça­sy, iň esa­sy­sy-da, oka­ýan ki­tap­la­ry­nyň daş­ly­gy­nyň hem mil­li na­gyş­lar bi­len be­ze­len­di­gi iň­ňän tä­sir­li­di. Tek­je­ler­de se­te­ran dü­zü­len ço­pan, sa­zan­da, ýy­gym­çy ýa­ly «dür­li kär­le­riň eýe­si» bo­lan mil­li egin-eşik­li og­lan­dyr gyz gur­jak­lar bol­sa has-da özü­ne­çe­ki­ji­. Bu gurjaklar edil gelin-gyzlar we ýigitler ýaly birkemsiz bezelipdir. Çopanyň elinde taýagy, sazandanyň elinde dutary, gelniň egninde kürtesi bar. Haý­ran gal­dy­ry­jy ta­ra­py-da, og­lan­dyr gyz gur­ja­jyk­la­ryň her­si­niň öz ady bar – Bos­san, Aý­lar, Bes­sir, Doýduk, Di­dar…
Otagyň dürli ýerlerinde türkmeniň ak öýüni, giň sährasyny, düýeleri, agajyň şahasyna gysdyrylan elde dokalan alma şekillerini görmek bolýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len bu tä­sin gur­jak­la­ryň owa­za­sy has giň çäk­le­re ýaý­ra­ýar. Gü­lä­lek mu­gal­lym olar bi­len bi­lim iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­le­re, usu­ly okuw­la­ra gat­naş­ýar. Hü­nä­riň yn­san dur­mu­şy­ny gö­zel­leş­dir­ýän­di­gi­ne tüýs ýürekden ynan­ýan mu­gal­lym 2014-nji ýyl­da ýur­du­myz bo­ýun­ça bi­lim iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de 3-nji, 2015-nji ýyl­da bolsa türk­men ýi­git­le­ri­niň kesp-kä­ri­ne esas­la­nyp, gur­jak­la­ry­nyň üs­ti bi­len päl­wan, bag­şy, ça­pyk­su­war, küý­ze us­sa­la­ry­nyň keş­bi­ni ke­ma­la ge­tir­ýär we ag­za­lan bäs­le­şik­de Ahal we­la­ýa­ty bo­ýun­ça 2-n­ji or­ny eýe­le­ýär. Zäh­me­ti­niň my­na­syp ne­ti­je­le­rin­den ruh­la­nan mu­gal­lym 2017-nji ýyl­da ýur­du­my­za şan ge­ti­ren Azia­da döw­rün­de on sa­ny gur­ja­gy sport egin-egi­şik­le­ri bi­len be­zäp, we­la­ýat bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şik­de 2-nji or­na, başga-da hor­mat­ly at­la­ryň bir­nä­çe­si­ne my­na­syp bol­dy.
Gü­lä­lek el­my­da­ma tä­ze­çil­li­giň göz­le­gin­de bo­lup, ir­gin­siz zäh­met çek­ýär. Çe­ken oňyn zäh­me­ti­ni göz öňün­de tu­tup, ony Ak bug­daý et­ra­by­nyň Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler dö­re­di­ji­lik öýü­niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne bel­le­ýär­ler. Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler dö­re­di­ji­lik öýün­dä­ki äh­li gur­nak­la­ryň işi Gü­lä­lek mu­gal­ly­myň gel­me­gi bi­len has-da iler­le­ýär. El hü­nä­ri­ni öw­red­ýän okuwçylarynyň hö­we­si, yh­la­sy mu­gal­ly­my üs­tün­lik­ler­den üs­tün­lik­le­re ýe­tir­ýär. Gü­lä­lek mu­gal­lym şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da­ky usu­ly oku­wyn­da «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­na ba­gyş­la­nyp mu­gal­lym­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len ser­gi­de baş baý­ra­ga my­na­syp bol­ýar.
Mu­gal­lym tö­we­re­gi­ne ýag­ty saç­ýan şem ýa­ly­dyr. Edil şo­nuň ýa­ly, Gü­lä­lek mu­gal­ly­myň ir­gin­siz zäh­me­ti we dö­re­di­ji­lik ýo­ly hem äh­li ne­sil­le­re gö­rel­de.

Aýgözel Amangeldiýewa,
«Zaman-Türkmenistan».