Ýer ýüzüniň islendik künjeginde-de ýaşaýşyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Deňziň ýüzlerçe metr aşagynda, ýakyp barýan çöllerde, adam aýagy sekmedik belent dag gerişlerinde haýsydyr bir ösümligiň ýa-da jandaryň bardygyny görmek bolýar. Ýeriň iň beýik nokady bolan Gimalaý daglarynda ýaşaýan möý deňiz derejesinden iň belentde ýaşaýan jandar hasaplanýar. Gimalaý daglary dünýädäki iň uly, owadan we ajaýyp dag gerişleriniň biridir. Gimalaýyň bökýän möýi atly bu kiçijik jandar 6700 metr belentlikde ýaşaýar. Ýer ýüzünde şeýle beýiklikde mesgen tutan başga janly-jandar, hatda ösümlik hem örän seýrek. Bu möýlere ilkinji gezek 1924-nji ýylda tebigaty öwreniji Riçard Hingston gabat gelýär. Möýüň ylmy ady «Euophrys omnisuperstes» (latynça «hemme zatdan ýokarda» diýmegi aňladýar) bolup, olaryň ululygy bary-ýogy 4-5 mm bolýar. Ýagny ýarym santimetre ýeter-ýetmez. Onuň nähilidigini göz öňüne getirmek üçin çyzgyja seredip bilersiňiz. Çyzgyçda her santimetriň arasyny ikä bölýän ulurak çyzyk bar. Bu möýjagaz şol çyzygyň arasyna sygýar. Ak tüýli jandaryň goýy goňur reňki bar. Gimalaýyň bökýän möýi örän sowuk gurşawda ýaşaýar. Bu jandar Gimalaý daglarynyň Nepal tarapdaky gerişlerinde, Ewerest gerşinde we Makalu daglarynda duş gelýär.
Möýler nähili aw edýärler?
Bognaýakly mör-möjek hasaplanýan möýler, köplenç, kerepde ýaşaýarlar. Olaryň kerebi awuny tutmaga hem ýardam edýär. Bu jandarlar kerebini arylary, siňekleri, çybynlary we beýleki mör-möjekleri has köp tutup bilmek üçin ýeliň ugruna garşy dokaýarlar. Möý kerebiň dokaljak ýerini mör-möjekleriň geçjek ýerine görä sazlaýar. Kerebiň käbir halkasy ýelimli, käsi ýelimsiz bolýar. Täsin tarapy möýler ýelimsiz halkada ýöreýärler. Ýelimli bölekde bolsa beýleki mör-möjekler duzaga düşýärler. Möýler tutulan awuny almaga baranda hem ýelimli halkalara basmaýarlar. Sebäbi bu halkalara basan ýagdaýynda, özleriniň hem duzaga düşmegi ahmal. Möýler aw duzaga düşensoň, kerepde emele gelen titremäni aňsatlyk bilen duýýarlar. Tora düşen aw hereket edip başlanda, möý oňa zäherini pürküp, ony ysmaz edýär we aňsatlyk bilen tutýar. Duzaga düşen awuny şol wagt iýmejek bolsa, kerebi bilen onuň daşyny saraýar. «Gaplanan iýmit» uzak wagtlap zaýalanman saklanýar.
Emma biziň ýokarda gürrüňini eden möýümiz adaty möýlerden tapawutlanýar. Ol özüniň az sanly awuny böküp tutýar. Bökýän möýleriň göreji ýiti bolýar. Bu jandaryň kellesiniň öň tarapynda uly iki gözi, şeýle hem gapdallarynda dört göz bolýar. Öňdäki iki gözi güberçek bolup, has giň aralygy görýär. Kellesiniň gapdalyndaky beýleki dört göz üstüne abanýan howpy görmegine kömek edýär. Beýleki möýlerden tapawutlylykda, bökýän möýler ýylmanak tekizliklerde hem ýöräp bilýärler. Aýaklarynda ýüzlerçe tüýjagaz bolan bu jandarlar öz bedeniniň 50 essesi ýaly aralyga böküp bilýärler. Ol öz awunyň üstüne ýyldyrym çaltlygy bilen böküp, güýçli zäherini pürkýär. Şeýle-de bolsa, onuň ýaşaýan ýerinde başga janly-jandar örän az. Şol sebäpli olar ýeliň dagyň has aşaky böleginden elten iýmitleri bilen iýmitlenýärler.