Belgiýa-Italiýa çärýek final duşuşygynda italýanlaryň çep gyraky goragçysy Leonardo Spinazzola agyr şikes aldy. Çempionatda oýnan 4 duşuşygynda 2 gezek oýnuň ýyldyzy saýlanan Spinazzolanyň alan şikesi sebäpli italýan metbugatynyň bellemegine görä, ol azyndan bir ýyla golaý meýdança çykyp bilmez. Taraply-tarapsyz hemmäniň söýgüsini gazanan oýunçy düýnki duşuşykda toparyna meýdançanyň ähli ýerinde uly kömegi degdi. 28 ýaşyndaky oýunçy esasan hem hüjüme işjeň goşulyp, gol geçirmäge mümkinçilik berýän paslary bilen tanalýar. Düýnki oýunda toparyny goldan hem halas eden oýunçy şikes alanyndan soň, meýdançany gözýaşlary bilen terk etdi. Italiýanyň ýygyndysy ýarym finalda onuň ornuna Emersonyň oýnamagyna garaşylýar.