Bir şa­hy­ryň te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýan tanşy bar eken. Onuň söwdasy ösüp­, öň­ki otur­ýan jaýyndan baş­ga bir ýe­re göç­me­li di­ýen ka­ra­ra ge­lip­dir. Mu­nuň üçin ol özü­niň goz­gal­ma­ýan mülküni sat­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wýär. Bir sa­par ol kö­çe­den bar­ýar­ka, şa­hyra ga­bat ge­lip, ondan ga­zetde çykartmak üçin taý­ýar­lan bil­di­ri­şi­ni göz­den ge­çi­rip ber­me­gi­ni ha­ýyş edip­dir. Şa­hyr gol­tu­gyn­dan ka­gyz-ga­la­my­ny çy­ka­ryp, ýaz­ma­ga gi­ri­şip­dir:
“Daş-tö­we­re­gi dur­nanyň gö­zi ýa­ly du­ry bu­lak­ly, şat­lyk we bagt ge­tir­ýän uly bol­ma­dyk ju­da tä­sin mülk sa­tyl­ýar. Sa­ba-sä­her­ler­de asyr­larbo­ýy ösüp otu­ran ýaý­raň gür daragt­lar­dan bil­bil­le­riň saý­ra­ýan owaz­la­ry göwnüňi göterýär. Naý­za bo­ýy ga­lan Gü­nüň şöh­le­le­ri öýe has-da gö­zel­lik çaý­ýar, gü­nor­ta­nyň jöw­za­sy bol­sa, sal­kyn sa­ýa­la­ry eçil­ýär. Ki­çi­jik bak­ja­ny hem gül­le­riň hoş­boý ysy we ýe­ti­şen ir-iý­miş­ler dol­dur­ýar”.
Bu wa­ka­nyň üs­tün­den bir­nä­çe wagt geçenden soň­ra şa­hyr ýene-de tanşyna ga­bat ge­lýär we mül­kü­ni de­ger­li ba­ha­dan sa­typ-sat­man­dy­gy­ny so­raýar:
– Ýog­sa-da, men öz pi­ki­ri­mi üýt­get­dim – di­ýip, ol gür­rü­ňe baş­lap­dyr: – Çün­ki ha­çan-da, sen bil­di­ri­şi­mi dü­ze­de­niň­de üýt­ge­şik baý­ly­ga eýe­di­gi­me göz ýe­tir­dim we ony hiç bir ba­ha sat­ma­ly däl di­ýen ka­ra­ra gel­dim.
Dog­ru­da­nam, kä­wagt­lar biz özü­mi­ziň üýt­ge­şik zat­la­ra eýe­di­gi­miz ba­ra­da pi­kir et­me­ýä­ris, gaýta ony baş­ga zat­la­ra ça­lyşjak bolýarys. Ge­liň, oza­ly bi­len, yk­ba­lyň bi­ze peş­geş be­ren äh­li zat­la­ry­nyň – dost­la­ry­my­zyň, işi­mi­ziň, sag­ly­gy­my­zyň, ze­hi­ni­mi­ziň, ça­ga­la­ry­my­zyň gül­kü­si­niň we ola­ra söý­gü­mi­ziň ga­dyr-gym­ma­ty­ny bi­lip, ar­zy­la­ma­gy öw­re­ne­liň. Çün­ki bu­lar ha­ky­ky gym­mat­lyk­lar­dyr.
* * *
Bir adam işi dü­şüp, de­mir­çi us­sa­nyň ýa­ny­na ba­ryp­dyr. Ol san­da­la urul­ýan ur­gu­la­ryň se­si­ni eşi­dip, tö­we­re­gi­ne göz aý­laýar. Ol ja­ýyň bir böw­rün­de sa­py döw­len hem-de ýem­şe­ren bir­nä­çe ýe­ke­da­ba­nyň ýa­tan­dy­gy­ny gör­ýär. Ol de­mir­çi us­sa­dan:
– Şun­ça ýe­ke­da­ban döw­ler ýa­ly nä­çe san­dal ýa­sa­dy­ňyz? – di­ýip so­raýar.
De­mir­çi us­sa ýyl­gy­ryp:
– Di­ňe bi­ri­ni. Ýe­ke­je san­da­ly ýa­sa­mak üçin bir­nä­çe ýe­ke­da­ban dö­wül­di. Se­bä­bi ýe­ke­da­ban ur­ýar, san­dal bol­sa sa­byr ed­ýär.
Bu ha­ky­kat­dan hem, şeý­le: yk­ba­lyň ur­gu­la­ry­na kim çy­dam­ly bol­sa, iň so­ňun­da hem şol ýeň­ýär.
* * *
Bir ge­zek bir adam bä­gül to­hum­la­ry­ny ekip, oňa ýü­rek­den ideg edip­dir, suw be­rip­dir. Gün­le­riň bir gü­ni onuň na­za­ry ba­sym açyl­ma­ly owa­dan gül gun­çalarynda eg­le­nip­dir, ýö­ne onuň da­şyn­da­ky ti­ken­le­ri­ni gö­rüp: “Nä­dip, ýi­ti ti­ken­li ösüm­likler­den beýle owa­dan güller çy­kyp bi­ler?” diýip, pikire çümüpdir. Ol uly ala­da ga­lyp, bä­gü­llere suw ber­me­gi­ni bes edip­dir, güller hem gun­ça­lap gül aç­maz­dan ozal, kem-kem­den so­lup ug­rap­dyr.
Neb­si­miz agyr­sa-da, kä­wagt dur­muş­da hem bo­lup geç­ýän bu wa­ka şeý­le ta­mam­la­nýar. Her bir ada­myň ýü­re­gin­de şol bä­güller ýaly, ony üýt­ge­şik edip gör­kez­ýän ta­pa­wut­ly hä­si­ýet aý­ra­tyn­ly­gy bolýar. Ol bi­ziň içi­miz­de ozal baş­dan, dog­lan gü­nü­miz­den beý­läk goý­lan – olar bi­ziň her bi­ri­miz­de bar bo­lan “ti­ken­le­riň” – ýet­mez­çi­lik­le­riň ara­syn­da boý al­ýar­lar. Bi­ziň kö­pi­miz baş­ga­la­ra se­re­dip, di­ňe bu “ti­ken­le­ri” – kem­çi­lik­le­ri gör­ýä­ris.
Ada­myň eýe bo­lan iň be­ýik ser­pa­ýy – baş­ga­la­ryň ti­kenleriniň ara­syn­dan ge­çip, on­da­ky “bä­gü­li” gö­rüp bil­mek uky­by­dyr. Yn­sa­nyň göw­nü­niň çuň­lu­gyn­da hök­ma­ny orun alan my­na­syp aý­ra­tyn­ly­gy­ny na­za­ra alyp, bol­şy ýa­ly kem­çi­lik­le­ri bi­len ka­bul et­mek hem söý­gi­niň bir gör­nü­şi­dir. Eger-de olar­da­ky bu “bä­gül­le­ri” öz­le­ri­ne gör­ke­zmegi ba­şar­sak, olar öz­le­ri­niň “ti­ken­le­ri­niň” höt­de­sin­den ge­ler­ler. On­dan soň olar he­mi­şe gül açar­lar!
* * *
– Şu tö­we­rek­de gül­ler bar­my? – di­ýip, bir ýo­la bil­bil si­ňek­den so­rap­dyr:
– O-na bi­le­mok we­lin, kon­serw gutu­la­ry, mal ders­le­ri, zir-zi­bil­ler we hapa dökülýän çukurlar näçe diý­seň ta­pyl­ýar – di­ýip, si­ňek jo­gap be­rip­dir. Si­ňek bilbile bu je­le­gaý­lar­da­ky özü­niň mes­gen tu­tunan äh­li hapa dö­kül­ýän çu­kur­la­ry­ny sa­nap be­rip­dir.
Bil­bil gör­ke­zi­len ugur bo­ýun­ça uçup bar­ýar­ka, ýol ug­ru­na ara ga­bat ge­lip­dir.
– Eýsem, şu tö­we­rek­ler­de hapa dö­kül­ýän çu­ku­r barmy? – di­ýip, ol ary­dan so­rap­dyr.
– Hapa dö­kül­ýän çu­kur?! Ha­pa­çy­lyk diý­se­ne? Ýok, men-ä ga­bat gel­me­dim – di­ýip, ary ge­ňir­ge­nip­dir. – Ýö­ne bu ýer­lerde nä­çe diý­seň hoş­boý ys­ly gül­ler ta­pyl­ýar.
Ary oňa haý­sy jülgede li­li­ýa gü­lü­niň ös­ýän­di­gi­ni, haý­sy meýdanda bä­gül­le­riň açy­lan­dy­gy­ny sal­gy be­rip­dir.
Bu he­ka­ýat­da dost­la­ry dog­ry saý­la­ma­gyň nä­de­re­je­de mö­hüm­di­gi dü­şün­di­ril­ýär.
* * *
Bu wa­ka ir za­man­lar­da bo­lup­dyr. Öz döw­rü­niň ady­gan älem­şy­nas­la­ry­nyň bi­ri giç ag­şam­lar ýyl­dyz­ly as­ma­na gö­zeg­çi­lik edip ýör­şü­ne kö­ne gur­ruk gu­ýa ga­çyp­dyr. Onuň se­si go­laý­da­ky kül­beleriň birinde ýa­şa­ýan gar­ry aýa­ly oýa­ryp­dyr. Ol alňasap gelip, oňa gu­ýu­dan çyk­ma­ga kö­mek edip­dir. Ol be­ge­nip, şeý­le di­ýip­dir:
– Me­ni ha­las eden­li­gi­ňiz üçin sag bo­luň. Me­ge­rem, siz men ba­ra­da eşi­den­si­ňiz. Men bel­li älem­şy­nas. Me­ni bil­me­ýän­ler ju­da az, hat­da bar­ly adam­la­ram me­niň bi­len mas­la­hat­laş­mak üçin aý­lap no­ba­ta dur­ýar­lar. Ýö­ne men se­ni hiç bir no­bat­syz ka­bul ede­ýin. Er­tir ir­den me­niň öýü­me ge­liň, men siziň tä­le­ýi­ňi­zi aý­da­ýyn, mu­nuň üçin ma­ňa tölemegiň hem ze­rur­ly­gy ýok.
Gar­ry ze­nan ýyl­gy­ryp, şeý­le jogap beripdir:
– Goý­sa­na. Sen öz aýa­gyň aşa­gyn­da­ky za­dy gör­me­ýän ha­ly­ňa nä­dip me­niň tä­le­ýi­mi aý­dyp bil­jek?.
* * *
Bir ge­zek bir adam öz ýa­kyn dos­tu­ny öýü­ne ça­gy­ryp­dyr. Ha­çan-da, myh­man öz öňün­de goý­lan ajy ga­ra ça­ýy iç­mek­çi bo­lan­da, gö­zü­ne kä­sä­niň için­de ki­çi­jik ýy­lan ýa­tan ýa­ly bo­lup gör­nüp­dir. Ol dostunyň göw­nü­ne deg­me­jek bo­lup, kä­se­dä­ki ça­ýdan az-kem owurtlapdyr. Ol öýü­ne do­la­nyp ge­len­de aş­ga­za­nyn­da ýi­ti agy­ry du­ýup ug­rap­dyr. Ol köp der­man içip­dir, ýö­ne ola­ryň hiç bi­ri­si peý­da ber­män­dir.
Dos­ty onuň ha­lyn­dan ha­bar­ly bo­lup, ony ýe­ne-de öýü­ne ça­gy­ryp­dyr. Ol dos­tu­ny ozal­ky otu­ran ýe­rin­de otur­dyp, öňün­de ýe­ne-de çaý go­ýup, oňa der­man hem go­şan­dy­gy­ny aý­dyp­dyr. Ha­çan-da, syr­kaw kä­sä­ni gö­te­ren­de, ol ýe­ne-de on­da­ky ýy­lan­jy­gy gö­rüp­dir. Ol bu ge­zek al­la­ni­çig­si bo­lup, dostunyň ýü­zü­ne di­kan­lap se­re­dip­dir. Dosty se­si­ni çy­kar­man, oňa myh­ma­nyň de­pe­sin­de gys­dy­ryl­gy du­ran ok ýa­ýy gör­ke­zip­dir. Nä­hoş onuň di­ňe ýo­kar­dan asyl­gy du­ran ýa­ýyň ça­ýyň ýü­zü­ne dü­şen şe­ki­li­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir. Olar bir-bi­ri­ne se­re­dip, gül­şüp­dir­ler. Myh­ma­n şol ba­da keselden saplanyp, tut ýa­ly sa­ga­lyp­dyr.
* * *
Bir ge­zek ýe­ke özi ýa­şa­ýan bir aýa­lyň ga­py­sy­ny kim­dir bi­ri er­jel­lik bi­len ka­kyp­dyr. Ol aýal ga­py­ny açyp­dyr. Ga­py­nyň işi­gin­de bir er­kek ki­şi du­ran eken. Ol:
– Gü­nü­ňiz ha­ýyr­ly. Siz ma­ňa az-ow­lak pul be­rip bil­mer­si­ňiz­mi? – di­ýip­dir.
– Nä­me üçin men sa­ňa pul ber­me­li? – di­ýip, aýal ses­le­nip­dir.
– Hiç bol­ma­sa, bir eli­miň ýok­lu­gy üçin be­rä­ýiň.
– Bol­ýa, men sa­ňa pul be­re­ýin, ýö­ne how­lu­da­ky şol üý­şüp ýa­tan ker­piç­le­ri öýe da­şa­ma­ly.
– Men mu­ny nä­dip daşa­r­kam. Me­niň bir elim ýok ahy­ryn!
Ze­nan ýüz­gö­rü­ji­lik­siz bir eli­ni ar­ka­sy­na tu­tup, ker­piç­le­riň bi­ri­ni eli­ne alyp, öýüne ge­ti­rip­dir we olary nä­dip da­şa­ma­ly­dy­gy­ny gör­ke­zip­dir. Er­kek ki­şi uzak­ly gün öýe ker­piç da­şap­dyr, äh­li ker­piç­le­ri da­şap bo­lan­dan soň, aýal onuň muz­du­ny be­rip­dir.
Bu wa­ka­nyň üs­tün­den bir­nä­çe ýyl ge­çip­dir. Bir gün şol aýa­lyň ga­py­sy ýe­ne-de ka­ky­lyp­dyr. Ha­çan-da, ga­py­ny açanda, işik­de geý­nüw­li nä­ta­nyş bir ada­myň öz kö­mek­çi­le­ri, ola­ryň aňyr­syn­da bol­sa, gym­mat­ba­ha­ly aw­tou­lag­la­ryň du­ran­dy­gy­ny gö­rüp­dir. Nä­ta­nyş adam aýa­la bir pet­de pul uza­dyp, şeý­le di­ýip­dir:
– Ine, alyň bu pul si­ze?
– Bu nä­me üçin? – di­ýip, aýal so­rap­dyr.
– Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal, hut siz ma­ňa özü­me bo­lan yna­my, güý­ji peş­geş ber­di­ňiz!
Ze­nan nä­ta­nyş ba­ýyň bir eli­niň ýok­du­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Ol onuň göz­le­ri­ne se­re­dip, pi­ki­re çümüp ýyl­gy­ryp­dyr-da, şeý­le di­ýip­dir:
– Siz bu pul­la­ry, hiç bir eli ýok­la­ra be­riň!
* * *
Ir za­man­lar hö­wes­jeň su­rat­keş ýa­şap ge­çip­dir. Ol su­rat çek­me­gi ha­la­ýan eken, ýö­ne äh­li tan­kyt­çy­lar onuň eden işi­ne kem­ba­ha garapdyrlar. Ola­ryň her bi­ri onuň ýa­ny­na ge­lip, çe­ki­len su­rat­la­ryň bol­ma­ýan ýer­le­ri­ni sa­nap baş­la­ýan eken­ler. Su­rat­çy bu­la­ryň bol­şun­dan nägile bolup, bir gün öýü­niň öňün­de äh­li çe­ken kar­ti­na­la­ryny gys­dy­ryp go­ýup­dyr. Ol tan­kyt­çy­la­ryň ählisinden çe­ki­len su­rat­la­ryň kem ýer­le­ri­ni dü­zet­mek üçin ýan­la­ry bilen çot­ka we reňk alyp gel­mek­le­ri­ni to­wak­ga edip­dir.
El­bet­de, tan­kyt­çylaryň biri hem ol ýer­de ga­ra ber­män­dirler. Tan­kyt et­mek aň­sat, ýö­ne dü­zet­mek kyn.
* * *
Ýaş ze­nan öz eje­si­niň ýa­nyn­da zeý­re­nip­dir:
– Eje­ jan, in­di men äri­me sa­byr edip bil­jek däl. Ol büs-bü­tin öz­ger­di! Onuň ma­ňa dü­şü­ne­si ge­le­nok, sy­la­nok we my­da­ma meň bi­len sö­güş­ýär. Göw­nü­me bol­ma­sa ol in­di men­den so­waş­ýar.
– Gy­zym, eý­sem, özüň beri ony sy­la­ýaň­my? Sen oňa dü­şün­jek bol­ýaň­my? – di­ýip, eje­si so­rap­dyr.
– Mu­ňa se­ret­se­ne – di­ýip, gy­zy ses­le­nip­dir.
–Eý­sem, ol ga­har­la­nyp, men ga­har­lan­ma­ly däl­mi? Ol ma­ňa nä­hi­li bol­sa, me­nem oňa şol hili bo­la­ryn­-da. Eger-de, ol me­ni sy­la­ma­sa, men ony sy­la­ma­ga borç­ly däl ahy­ryn. Eger-de ol ma­ňa dü­şün­me­se, on­da nä­me üçin men oňa dü­şün­jek bol­ma­ly?
– Beý­le bol­sa, gy­zym, on­da hiç hi­li go­wu­ly­ga ga­raş­ma. Se­niň hä­zir­ki bol­şuň edil aý­na çalym­daş bo­lup, äriň ýal­ňyş­lyk­la­ry­ny gaý­ta­la­ýar­syň. Ýö­ne sen aý­na­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, di­ňe gör­ýän zat­la­ry­ňy däl-de, ýan­ýol­da­şy­ň bi­rin­ji ga­ra­ýşyn­da gör­me­ýän zat­la­ry­ny hem gör­ke­zip bil­ýäň ahy­ryn.
Eger-de sen go­wy bol­saň, ada­myň hem go­wy bol­ma­ga ça­l­şar. Eger-de, sen sy­lag-hormat etseň, on­da olam se­ni sy­lap baş­lar. Eger-de, sen söý­gi bil­dir­seň, ol hem se­ni sö­ýer. Ze­nan özündäki iň go­wy hä­si­ýet­le­ri ýanýoldaşynyň gör­me­gi­ne kö­mek et­me­li­dir.
* * *
Oba­da ýa­şa­ýan bir gar­ry­nyň owa­dan be­dew aty bo­lup, oňa kö­püň gö­zi gid­ýän eken. Özü­ne göw­ni ýet­ýän tüt­jar­lar uçur­syz pul hö­dür­läp, gar­ry­dan aty di­le­ýän eken­ler.
Ýö­ne gar­ry:
– Bu at sat­lyk däl, ol me­niň dos­tum. On­soň men nä­dip öz dos­tu­my sa­ta­ýyn – di­ýip, ge­len­le­ri yzy­na gaýtaryp goý­ber­ýän eken. Şeý­le­lik­de, gar­ry eli­ ýu­ka bol­sa­-da, aty­ny sat­man­dyr. Bir gü­nem ol aty­nyň öz ýa­ta­gyn­da ýok­du­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Oba adam­la­ry­nyň äh­li­si ýyg­na­nyp, oňa şeý­le di­ýip­dir­ler:
– Gar­ry, sen ak­lyň­dan aza­şyp­syň, biz ahyr­so­ňy atyň­dan dyn­jak­dy­gy­ňy bil­ýär­dik. Sa­tan bol­saň go­wy bo­lar­dy. Ine sa­ňa bet­bagt­çy­lyk.
– Het­di­ňi­zi bi­liň, di­ňe aty­ňyz ýe­rin­de ýok eken di­ýip ýatladaýyň. Bäh­bit bol­sun, onuň ha­ýyr ýa-da şer­di­gi­ni biz bil­me­ýä­ris.
Adam­lar onuň söz­le­ri­ne gül­şüp­dir­ler. Ýö­ne gün­le­riň bir gü­ni er­kin­li­ge çy­kan at do­la­nyp ge­lipdir. Yzy­na bol­sa, bir sü­ri ýa­ba­ny aty tir­käp ge­lipdir.

Toplan we terjime eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.