Ýedi ýyldan soň ilkinji gezek gijeki otly Kopengageniň «Hoje-Taastrup» demir ýol menzilinden Berline ugrady. Ol 300 ýolagçyny kabul edip biler. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar Ýewropada demir ýol arkaly syýahat etmek üçin barha köp mümkinçilik döredýär. Mundan başga-da, Fransiýada gijeki otlynyň Pariž-Nissa ugry boýunça hereketi täzeden başlandy. Ýakyn geljekde Awstriýada, Germaniýada, Fransiýada we Şweýsariýada birnäçe gijeki ugurlaryň girizilmegi meýilleşdirilýär.