Şu aýda Germaniýanyň ýollarynda elektroulaglaryň sany milliona ýeter. Bu barada Ykdysadyýet ministri Piter Altmaýer mälim etdi. Onuň sözlerine görä, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar ýurduň geçen ýyl bu derejä ýetmeginiň öňüni aldy. Ýurtda elektroulaglara bolan isleg, federel býujetden bu pudagy maliýeleşdirmek maksatnamalaryny artdyrdy. Diňe şu ýylyň birinji ýarymynda jemi 1,25 milliard ýewro goýberildi. Serişdeleriň deň ýarysy elektroulaglaryň önümçiligine, galan ýarysy bolsa gibrid ulaglaryna goýberildi.