Ýewropa çempionatynda ilkinji finalçy Italiýanyň ýygyndysy boldy. Italýanlar bu ugurda ýarym finalda Ispaniýanyň ýygyndysyny penaltilerden soň ýeňmegi başardy. Ispanlaryň kontrollygynda geçen oýnuň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. Oýny öz meýdançasynda kabul eden italýanlar ilkinji bolup hasaby açdylar. Duşuşygyň 60-njy minutynda Federiko Kieza owadan urgy bilen toparyny öňe çykardy. Ispanlar bu gola laýyk 20 minutdan soň, has takygy, 80-nji minutda Alwaro Moratanyň goly bilen jogap berdi. Oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda-da italýanlar goragda ýalňyşmady we ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Penalti urgularynda italýanlardan Lokatelli takyk urup bilmedi. Ispanlardan bolsa, hasaby deňlän goluň iki awtory Olmo bilen Moratanyň urgulary takyk bolmady. Şeýlelikde, 4-2 hasabynda öňe saýlanan Italýanlar 1968-nji, 2000-nji we 2012-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandylar. Italiýanyň ýygyndysy Germaniýadan soň iň köp finala çykan ýygyndy boldy.

Italiýa-da, Ispaniýa-da 6-njy gezek penalti urgularyny geçirip, italýanlar 3-nji gezek ýeňiş gazandy, ispanlar 2-nji gezek ýeňildi.

Ýewropa çempionatlaryndaky (saýlama oýunlary-da hasaba alnanda) 15 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýän italýanlaryň bu hasabaty tamamlandy. Ýöne ýeňilmezekligi 33 duşuşyga ýetdi.

Morata Ýewropa çempionatlaryndaky 6-njy goluny geçirip, bu ugurda milli rekordyň eýesi Fernando Torresden öňe saýlandy.

Leonardo Bonuççi Ýewropa çempionatlaryndaky 17-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda milli rekordyň eýesi Janluiji Buffon bilen deňleşdi.

Žordi Alba Ýewropa çempionatlaryndaky 16-njy duşuşygyny oýnap, milli rekordyň eýeleri Sesk Fabregas hem-de Andres Iniesta bilen deňleşdi.