Deňiz arheologlary Ernest Şakltonyň gark bolan “Çydamlylyk” atly gämisini tapmak üçin ekspedisiýa meýilleşdirýärler. Gämi 1914–1917-nji ýyllardaky Imperial Transantarktika ekspedisiýasyna gatnaşan iki gäminiň biri boldy. Ekspedisiýanyň çäginde Antarktidanyň ilkinji gury ýer geçelgesi meýilleşdirildi. 28 ekipažy bolan 44 metrlik gämi 1915-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Weddell deňzindäki buza urup, ol ýerde birnäçe aýlap galdy. Ahyry 1915-nji ýylyň 21-nji noýabrynda gark boldy. Folklend adalary deňiz mirasy gaznasy gark bolan gämini tapmak we suwasty gözleg robotlary arkaly gözleg geçirmek üçin ekspedisiýa meýilleşdirýär. Bu işe indiki ýylyň fewral aýynda başlanmagyna garaşylýar.