Dünýäniň iň çuň howzy bolan “Deep Dive Dubai” Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) gapylaryny açdy. Dubaýyň Nad Al Şeba etrabynda ýerleşýän 60 metr çuňlukdaky howuz 14 million litr suw bilen doldurylýar. “Deep Dive Dubai” -yň iň täsir galdyryjy aýratynlyklarynyň biri, onuň düýbünde “gark bolan şäher” hem bar. Mundan başga-da, howza gelýänlere mugt suwa çümmek mümkinçilikleri, şeýle hem dürli okuwlar hödürlener. Dünýäniň iň çuň howzunyň beýleki aýratynlyklary bolsa gury iki sany suwasty ýaşaýyş ýerini, howzuň ähli burçlaryny öz içine alýan 56 sany suwasty kamerany we suwasty ses hem-de yşyklandyryş ulgamyny öz içine alýar. Resmi saýtyndan habar berlişi ýaly, howzuň suwunyň her alty sagatdan arassalanýandygyny we temperaturanyň 30 derejede saklanýandygyny habar berdiler. Beýleki tarapdan, 1500 inedördül metrlik desga ullakan ýer ýaly görünmek üçin döredildi. Şeýle hem desganyň çäginde çümmek üçin niýetlenen eşikler we esbaplar dükany, sowgatlyklar dükany, ýygnaklar, çäreler, maslahatlar üçin ýörite ýerler bar. Binanyň aşaky gatynda ýerleşýän uly restoran we beýleki otaglar suwasty gurşawy görmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýylyň ahyryna çenli howuzda 80 orunlyk restoran, şeýle hem giperbarik kamera (dekompressiýa keselini we beýlekileri bejermek üçin) açylar. Howza häzirki wagtda diňe öňünden ýer belletmek arkaly baryp bolýar. Bu ýerde media redaktirleme otagy we wideo diwary bilen birlikde sebitdäki iň uly suwasty film studiýasy ýerleşer.