Ýewropa çempionatyny şowsuz tamamlan Russiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi Stanislaw Çerçesow wezipesinden boşadyldy. Onuň 2022-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli şertnamasy bardy. 2016-njy ýylda bu wezipä bellenen tälimçi 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä Kubogynda garaşylmadyk ýagdaýda şowly netijeler gazanyp, çärýek finala çenli gelmegi başarypdy. Ýöne bu Ýewropa çempionatynda toparçada iň soňky orny eýelemegi we ýygyndynyň oýnunyň juda pes bolmagy onuň wezipeden gitjekdigini görkezipdi. Russiýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi öňümizdäki günlerde mälim ediler. Bu ugurda ýurduň futbol federasiýasy tälimçi gözlegini dowam edýär.

Russiýanyň ýygyndysy Çerçesowyň tälimçiliginde 57 oýunda 24 ýeňiş gazandy. 13 gezek deňme-deň bolup, 20 gezek utuldy. Bu bolsa 42,1 göterim ýeňşe deň diýmekdir.