Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga we go­wu­landyr­ma­ga kö­mek ed­ýän en­di­gi­dir. Adam fi­zi­ki we ru­hy sag­ly­gy ba­ra­da ala­da et­mek bi­len dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni alyp bil­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­mak hem­me­ler üçin mö­hüm­dir, se­bä­bi ol sag­dyn­ly­gy we uzak öm­ri üp­jün ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da adam­zat jem­gy­ýe­ti glýu­ko­za­nyň de­re­je­si, gan­da­ky ho­les­te­rin we gan ba­sy­şy, ar­tyk­maç ag­ram ýa­ly mö­hüm sag­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri­ni öw­ren­mek esa­syn­da, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp bar­ýan adam­lar­da ke­sel­le­riň dö­re­mek how­py örän pes bo­lup, ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­ne uç­ra­ma­ýar­lar. Be­den sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin uzak öm­re alyp bar­ýan sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň usul­la­ry­ny öw­ren­me­li. Esa­san hem otu­ryp iş­len­ýän dur­muş ýö­rel­ge­le­rin­den, se­miz­lik­den, al­ko­golly iç­gi­le­ri içmek we çi­lim çek­mek ýa­ly ýa­ra­maz en­dik­ler­den ga­ça dur­ma­ly.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň esa­sy ugur­la­ry:
Ýa­ra­maz en­dik­ler­den ga­ça dur­mak. Ada­myň öm­rü­ni uzal­dyp bil­jek il­kin­ji we iň mö­hüm ba­şar­ny­gy­dyr. My­sal üçin, çi­lim çek­mek sag­ly­ga ju­da zy­ýan­ly bo­lup, öý­ken, böw­rek, gy­zy­lö­dek we beý­le­ki ke­sel­le­riň how­pu­ny hem ýo­kar­lan­dyr­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, wag­tyn­dan ir ölü­miň iň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri hem çi­lim çek­mek­dir.
Dog­ry iý­mit­len­mek. Sag­dyn iý­mit­len­mek sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ýe­ne bir mö­hüm bö­le­gi­dir. Bu ýö­rel­ge sag­dyn iý­mit­le­ri (gaý­ta­dan iş­len­me­dik önüm­ler, hoz, dä­ne, doý­gun däl ýag­lar we ome­ga-3 ýag kis­lo­ta­la­ry) ile­ri tu­tup, sarp edil­ýän ýa­gyň, du­zuň we şe­ke­riň muk­da­ry­ny çäk­len­dir­me­gi öňe sür­ýär. Iý­mi­tiň esa­sy bö­le­gi mi­we­ler­den we gök önüm­ler­den yba­rat bol­ma­ly, se­bä­bi mi­we­ler­de köp wi­ta­min­ler we mi­ne­ral­lar bar. Sag­dyn iý­mit im­mun ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär, köp ke­sel­le­riň dö­re­mek how­pu­ny pe­sel­dip, aş­ga­zan-içe­ge, ýü­rek-da­mar ul­gam­la­ry­ny we süý­ji ke­se­li­ni be­jer­mek­de kö­mek ed­ýär.
Fi­zi­ki iş­jeň­lik. Maşk sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne aýratyn go­şant goş­ýar, se­bä­bi he­re­ket üs­tün­lik­li dur­mu­şyň aça­ry­dyr. Her gün 30 mi­nut maşk et­mek di­ňe bir be­de­ni ber­kit­män, eý­sem, ýü­re­giň işe­mi­ýa ke­sel­le­ri­niň, in­sul­tyň, süý­ji ke­se­li­niň hem-de se­miz­lik, ýo­ka­ry gan ba­sy­şy we myş­sa-ske­let ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Ag­ra­my­ňa gö­zeg­çi­lik. Ar­tyk­maç ag­ram, esa­san, ýü­rek, süý­ji we düw­nük ýa­ly köp san­ly ke­sel­le­riň how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Be­de­niň umu­my ag­ra­my­nyň 5-10% azalmagynyň ho­les­te­ri­niň, gan­da­ky şe­ke­riň ka­da­laş­ma­gy­na we gan ba­sy­şy­nyň pe­sel­me­gi­ne kö­mek edip bil­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Stres­den daş­da dur­mak. Stres be­deniň sag­ly­gy­ny we iş­jeň­li­giniň de­re­je­si­ni pe­seld­ýär. Şo­nuň üçin ru­hy taý­dan ag­ram düş­me­den soň göw­nü­çök­gün­li­giň we ala­da­nyň öňü­ni al­mak üçin dynç al­mak (maşk, uky, ýö­re­mek) mö­hüm­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar dynç al­ma­ga wagt sarp ed­ýän adam­la­ryň stre­se gar­şy du­ru­jy­ly­gy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Sag­dyn uky. Ne­ti­je­li­li­gi we ön­dü­ri­ji­li­gi sak­la­mak üçin be­de­ne ýe­ter­lik dynç we sag­dyn uky ge­rek. Uky­nyň bo­zul­ma­gy do­wam­ly ýa­daw­lyk, se­miz­lik we ýü­rek ke­sel­le­ri ýa­ly sag­lyk bi­len bag­ly köp san­ly me­se­le­le­re se­bäp bo­lup bi­ler. Uzak wagt­lyk uky ýet­mez­çi­li­gi be­de­niň so­wuk­la­ma we dümewe gar­şy dur­mak uky­by­ny pe­seld­ýär. Ada­myň ýe­ter­lik uku­sy­ny al­ma­gy üçin 7-8 sa­gat ze­rur. Fi­zi­ki iş­jeň­lik sag­dyn uky ber­ýär. Di­ňe 10 mi­nut­lyk ae­ro­bi­ka maşk­la­ry (ýöremek, we­lo­si­ped sür­mek, aras­sa ho­wa­da gezim etmek) uky­nyň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ýar. Alym­lar sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň az bö­le­gi­niň yn­san öm­rü­ni 2 ýyl uzald­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Şo­nuň üçin adam­lar nä­çe sag­dyn en­dik­le­re eýe bol­sa, şon­ça-da uzak ýa­şa­ýar­lar.

Nä­me­den baş­la­ma­ly?
He­re­ket me­ýil­na­ma­sy­ny dü­züň!
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni sak­la­mak­da yzy­gi­der­li­lik mö­hüm­dir, şo­nuň üçin uzak wag­tyň do­wa­myn­da özü­ňi alyp bar­şyň nus­ga­sy­ny dö­ret­me­li. My­sal üçin, gün ter­ti­bi­ni dö­re­diň we oňa he­mi­şe eýer­mä­ge sy­na­ny­şyň!
Ýa­ra­maz en­dik­le­ri taş­laň! Peý­da­ly he­re­ket­ler yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­mak bi­len en­di­ge öw­rül­ýär. Be­de­ni­ňi­zi dog­ry iý­mit­le­ni­şe öw­re­niş­dir­se­ňiz, on­da ýa­ra­maz en­dik­le­re hiç hi­li ze­rur­lyk hem duý­mar­sy­ňyz!
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne baş­la­mak üçin hiç wagt giç däl. Ýö­ne si­ziň bu ugur­da nä­çe­räk tej­ri­bä­ňiz bol­sa, şon­ça-da köp tä­si­ri bo­lar. Şo­nuň üçin soň­ra ökün­me­zi­ňiz ýa­ly hä­zir­den baş­laň!
Suw içiň. Adam be­de­ni­niň 55-78 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat. Suw be­den­dä­ki tok­sin­le­ri aýyr­ýar, beý­ni­niň iş­leý­şi­ni go­wu­lan­dyr­ýar, myş­sa­la­ryň işi­ni we be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny saz­la­ýar. Her gün, azyn­dan, 10-15 bul­gu­ra çen­li suw iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Fi­zi­ki taý­dan iş­jeň bo­luň! Fi­zi­ki iş­jeň­lik hem­me­ler üçin peý­da­ly­dyr. Is­len­dik ýaş­da hem ýe­ňil gör­nüş­li maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­si­ňiz. Luk­man­lar hep­de­de, azyn­dan, 2,5 sa­gat maşk et­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Döw­let An­na­ýew,
Aş­ga­bat­ şäherindäki Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­ke­zi­niň 2-nji hi­rur­gi­ýa
bö­lü­mi­niň mü­di­ri.