Bütin dünýäde daşky gurşawy goramak, agaç nahallaryny oturtmak, ýaşyl zolaklary we tokaýlaryň çägini giňeltmek üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ýagdaýyň maýylganlygyň we guraklygyň öňüni almaga ýardam edýändigi ýene bir gezek ylmy taýdan subut edildi. Hünärmenler tokaýlyk meýdanlaryň artmagynyň has köp ýagyn ýagmagyna we netijede guraklygyň azalmagyna oňyn täsir etjekdigini belleýärler. Ortaýer deňziniň kenarlaryndaky we Ýewropadaky tokaýlaryň çägini 20 göterim artdyrmak ýagnyň 8 göterim köp ýagmagyna getirip biler. Bu barada «Nature Geoscience» žurnalynda çap edilen makalada bellenilýär. Ylmy işiň awtorlary global maýylganlygyň öňüni almak üçin strategiýa işläp taýýarlananda, ösümlik dünýäsiniň sebäp bolýan ýagyn mukdarynyň hem göz öňünde tutulmalydygyna göz ýetirendiklerini belleýärler. Hünärmenler agaçlaryň kömürturşy gazyny saklaýandygyna ünsi çekip, sebitiň tokaýynyň mukdarynyň 29 göterim artdyrylmagy bilen adamlaryň emele getirýän 43 milliard tonna kömürturşy gazynyň uly bölegini ýok edip boljakdygyny belleýärler. Tokaýlaryň emele getirýän çyglylygy tomus aýlarynda ýagny artdyrmaga ýardam edýär.
Toprak şertlerini öwrenen hünärmenler Britan adalarynyň, Fransiýanyň günbatar we günorta sebitleriniň, Portugaliýanyň, Italiýanyň we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň tokaýlary döretmek üçin amatlydygyny ýüze çykardylar.
Geçirilen barlaglarda alnan netijelere görä, Orta ýer deňziniň kenarlarynda tomusda düşýän ygalyň mukdary azalypdyr. Agaçlaryň sanynyň artmagy bolsa ýagnyň gaýtadan kadaly ýagmagyna sebäp bolar. Belgiýanyň Azat Brýussel uniwersitetiniň ylmy işgäri, professor Wim Tieri 2015-nji ýyldaky Pariž Ylalaşygynyň maksatnamasynyň biri bolan howanyň ýylylygyny 1,5 dereje azaltmak üçin ýeke-täk çözgüdiň agaç ekmek däldigini, emma oňa ýardam etjekdigini belledi. Ýeri gelende aýtsak, Pariž maslahatyna dünýäniň ähli ýurdundan wekiller gatnaşypdy.
Begli Baýramow,
TDMG-nyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.