To­mus pas­ly. Ho­wa ys­sy. Bu ho­wa­da der­le­mek her ki­mi oňaý­syz ýag­da­ýa sal­ýar. Der­le­mek – be­den­de su­wuň, du­zuň we ýy­ly­ly­gyň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän fi­zio­lo­gik ha­dy­sa. Bu ha­dy­sa­nyň be­den­de aşa köp ýü­ze çyk­ma­gy­na luk­man­çy­lyk di­lin­de «gi­per­hid­roz» di­ýil­ýär. Gi­per­hid­roz ge­ne­ti­ka, gor­mon bi­len bag­ly me­se­le­ler, daş­ky gur­şaw şert­le­ri ar­ka­ly ýü­ze çyk­ýar. Adam be­de­ni­niň, köp­lenç, eliň aýa­sy, aýak, gol­tuk, bo­ýun we ar­ka ýa­ly ag­za­la­ryn­dan has köp der bö­lü­nip çyk­ýar.

Der­le­me­giň öňü­ni alyş çä­re­le­ri:
So­wuk suw iç­mek be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny ka­da­laş­dyr­ýar we aşa köp der­le­me­giň öňü­ni al­ýar. Ýö­ne so­wuk su­wy ys­sy ho­wa­da be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy ýo­ka­ry wag­ty iç­me­li däl! Ony müm­kin bol­du­gy­ça be­de­niň ýag­da­ýy ka­da­la­şa­nyn­dan soň­ra içiň!
Al­ko­gol­ly iç­gi­le­ri iç­mek we çi­lim çek­mek ýa­ly zy­ýan­ly en­dik­ler hem be­de­niň aşa köp der­le­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şeý­le ýa­ra­maz en­dik­ler­den el­my­da­ma daş­da dur­ma­ly!
Ko­fe we ko­la ýa­ly ko­fe­in­li iç­gi­le­ri az­rak içiň! Ko­fe­in we beý­le­ki iş­jeň mad­da­lar has köp der­le­me­gi­ňi­ze se­bäp bol­ýar.
Der­le­mek ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän ýa­ra­maz ys­lar­dan ha­las bol­mak üçin parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri ula­nyl­ýar. Ýö­ne şeý­le se­riş­de­le­ri ulan­ma­zy­ňyz­dan ozal be­de­ni­ňiz hök­ma­ny su­rat­da gu­ry we aras­sa bol­ma­ly!
Ýüp­lük­den we pag­ta­dan taý­ýar­la­nan egin-eşik­ler be­den üçin has ýa­kym­ly bolýar. Ylaýta-da to­mus­da şeý­le eşik­le­ri geý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Sin­te­tik egin-eşik­ler be­de­niň ho­wa alyş-çal­şy­gy­na päs­gel­çi­lik dö­red­ýär. Şon­luk­da hem be­den­den de­riň has köp bö­lü­nip çyk­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Azyn­dan her gün­de bir ge­zek su­wa dü­şüň! Bu örän mö­hüm. Be­den­den bö­lü­nip çyk­ýan der de­ri­niň ys­lan­ma­gy­na we gu­ra­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Şo­nuň üçin onuň ýö­ri­te se­riş­de­ler bi­len wag­tal-wag­tal tä­miz­le­nip du­rul­ma­gy ze­rur.
Taý­ýar iý­mit­ler­den sak­la­nyň! Müm­kin bol­du­gy­ça te­bi­gy iý­mit­le­ri iýiň!
Stress­li he­re­ket­ler­den ga­ça du­ruň, ýe­ňil sport bi­len meş­gul­la­nyň!
Kiş­miş iý­mek hem be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny ka­da­laş­dyrýar.

Der­le­me­giň öňü­ni al­ma­gyň te­bi­gy usul­la­ry:
Aşa köp der­le­me­giň öňü­ni al­mak üçin iň oňat te­bi­gy önüm­le­riň bi­ri al­ma sir­ke­si. Al­ma sir­ke­si güýç­li an­ti­ok­si­dant ha­sap­lan­ýar. Ol zy­ýan­ly bak­te­ri­ýa­la­ry ýok et­mek­de mö­hüm rol oý­na­ýar. Ýat­maz­dan ozal my­la­ýym su­wa dü­şüň we an­ti­bak­te­ri­al sa­byn ýa-da ýö­ri­te gel bi­len ýu­wu­nyň! Soň­ra be­de­ni­ňi­zi gu­ra­dyp, aşa köp der­le­ýän ag­za­la­ry­na al­ma sir­ke­si­ni ça­lyň! Ir­den su­wa düş­mek hem be­den ýy­ly­ly­gy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Bir bul­gur ýy­ly su­wa bir ýa-da iki çaý çem­çe­si al­ma sir­ke­si­ni we bi­raz bal ga­ryp, de­mi­ne go­ýuň! Bu iç­gi­den her gün­de bir bul­gur iç­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Çaý so­da­sy hem der­le­megi ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ol be­den­dä­ki ar­tyk­maç çyg­ly­ly­gy siň­dir­ýär we ýa­ra­maz ys­la­ry aýyr­ýar. Bir çaý çem­çe­si çaý so­da­sy­ny bi­raz suw bi­len go­wy gar­ma­ly. Taý­ýar­lan ga­ryn­dy­ňy­zy pag­ta­nyň kö­me­gi bi­len be­de­niň aşa köp der­le­ýän ýer­le­ri­ne çal­ma­ly we tak­my­nan, 15-20 mi­nut­dan soň­ra ýy­ly suw bi­len ýuw­ma­ly. Bu usu­ly hep­de­de 2 ýa-da 3 ge­zek ulan­mak ýe­ter­lik­dir.
Ga­ra çaý an­ti­bak­te­ri­al aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len be­den­de ýa­ra­maz ysyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy gö­reş­ýär. Der­le­me­giň öňü­ni al­mak üçin ga­ra ça­ýy içip ýa-da pag­ta­nyň kö­me­gi bi­len be­de­niň der­le­ýän ýer­le­ri­ne sür­tüp bi­ler­si­ňiz. Bu te­bi­gy we tä­sir­li usu­ly hep­de­de bir ýa-da iki ge­zek ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Ko­ko­syň ýü­züň tä­miz bol­ma­gy­na we be­de­niň gurp­lan­ma­gy­na köp peý­da­sy bar. Ko­kos ýa­gy­nyň dü­zü­min­dä­ki la­ur tur­şu­sy özü­niň güýç­li ysy bi­len ýa­ra­maz ys­la­ry ýok ed­ýär. Ko­ko­syň bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by hem bar. Ýy­ly su­wa dü­şe­ni­ňiz­den soň­ra be­de­niň aşa köp der­le­ýän ýer­le­ri­ne ko­kos ýa­gy­ny ça­lyň! Bu mel­he­mi her gün­de ula­nyp bi­ler­si­ňiz!