Suw ýa­şaý­şyň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar. Suw bol­masa jan­ly-jan­dar­lar we ösüm­lik­ler ýa­şap bil­me­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, su­wuň ýok ýe­rin­de, ýa­gnyň örän seý­rek ýag­ýan çöl­le­rin­de hem jan­ly te­bi­ga­ty gör­mek bol­ýar. Eý­sem, bu ösüm­lik­ler nä­dip suw­suz oňup bil­ýär­ler­kä?!
Hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ösüm­lik­le­riň kök ul­ga­my­nyň ola­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ze­rur bo­lan çyg­ly­ly­gy al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Kök­le­ri gys­ga we in­çe bo­lan ösümlikler yz­gar top­rak­ly ýer­ler­de ösüp, olar çöl ho­wa­sy­na çy­da­ma­ýar. Çöl­de ýe­tiş­ýän ösüm­lik­le­riň bol­sa kök­le­ri has aşak­ly­gy­na ösüp, top­ra­gyň çuň­luk­la­ryn­da­ky su­wy çe­kip al­ýar. Şeý­le hem bu ösüm­lik­le­riň kö­ki ga­lyň, da­şy­ ga­bykly bol­ýar. Çöl­ler­de, ýa­rym çöl­lükler­de, düz­lük­ler­de, gu­rak we çä­ge­li ýer­ler­de bit­ýän ösüm­lik­le­riň daş­ky şe­ki­li çyg­ly­ly­gy go­ra­ma­ga, dü­zü­min­de su­wy sak­la­ma­ga we top­rak­dan su­wy çe­kip al­ma­ga ukyp­ly bol­ýar. Şeýle ýerlerde ösýän agaçlar we gyrymsy agaçlar adatça pür­li bol­ýar. Ýaprakdan tapawutlylykda pürler ösümligiň düzümindäki suwy saklap galmaga mümkinçilik berýär.
Çöl­de bit­ýän kä­bir ösüm­lik­le­riň dü­zü­min­de alyp içip bol­jak de­re­je­de köp muk­dar­da suw sak­lan­ýar. Olara bao­bab agaç­la­ry we kak­tus­la­ryň kä­bir gör­nü­şi de­giş­li­dir. Gu­rak ýer­ler­de bit­ýän ösüm­lik­le­riň ho­wa­da­ky çygy çe­kip bil­ýän hä­si­ýet­li­si hem bol­ýar. Çöl­de bit­ýän ösüm­lik­le­riň kä­bi­ri­niň reň­ki so­lak ýa­şyl bol­ýar. Bu ösüm­lik­le­riň açyk reň­ki Gün şöh­le­si­ni yza ser­pik­di­rip, gyz­ma­gyň öňü­ni al­ýar we suw ýit­gi­si­ni azald­ýar.
Gül aç­ýan çöl. Çöl­de bit­ýän kä­bir ot­la­ryň to­hum­la­ry bol­sa gu­rak­lyk döw­rün­de gö­ger­män sak­lan­ýar. Ýa­gyş ýa­gan wag­tyn­da bol­sa bu ösüm­lik­ler gö­ge­rip çyk­ýar. Gys­ga wag­tyň için­de bu ösüm­lik­le­r ula­lyp, gül­läp we to­hum­lap ýe­tiş­ýär. Bir­nä­çe gü­nüň do­wa­myn­da çöl gül­zar­ly­ga öw­rül­ýär. Şeý­le ösüm­lik­ler dün­ýä­niň iň gu­rak ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ata­ka­ma çö­lün­de has köp ga­bat gel­ýär. Bu ýer­de ösümlikleriň 200-den gow­rak gör­nü­şi gül aç­ýar. Bu te­bi­gy ha­dy­sa «De­si­er­to flo­ri­do» (gül aç­ýan çöl) di­ýil­ýär. Şeý­le ha­dy­sa örän seý­rek ýag­daý­da ýag­ýan ýag­şyň yz­ýa­ny peý­da bol­ýar. Top­ra­gyň aşa­gyn­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýa­tan ösüm­lik dä­ne­le­ri we kök­le­ri jan­la­nyp, ösüp baş­la­ýar. Bir­nä­çe ýyl­dan gaý­ta­lan­ýan bu gö­zel­li­ge to­ma­şa et­mek üçin ýur­duň dür­li ýe­rin­den sy­ýa­hat­çy­lar we te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym­lar ol ýe­re bar­ýar­lar. Ösüm­lik­le­riň gül aç­jak­dy­gy­ny öňün­den bi­lip bol­ýar. Şeý­le­lik­de, oňa to­ma­şa et­mä­ge is­leg bil­di­r­ýän­ler öňün­den ça­gyryl­ýar­lar. Bu ýer­de dür­li reňk­li gül­ler açyl­ýar. Bu ösüm­lik­leriň tohumlary gu­rak­lyk on­lar­ça ýyl do­wam eden ýag­da­ýyn­da hem top­ra­gyň as­tyn­da çüý­re­män ga­lyp, ýyl ýa­gyn­ly ge­len wag­ty gögerip çykýar.
Çöl­lük­ler­de kak­tus­lar hem has köp ös­ýär. Kak­tu­syň ga­lyň ýap­rak­la­ry­nyň için­de suw sak­lan­ýar.
Kä­bir çöl ösüm­lik­le­ri di­ňe gi­je­si­ne şi­ne­le­ýär.