Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan oý­la­ny­şyk­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz dün­ýä­niň äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­ri, hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik hem-de deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len bir ha­tar­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy (YHG), Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi ýa­ly se­bit gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, YHG bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de şu ýyl ýur­du­myz bu iri se­bit gu­ra­ma­sy­nyň baş­lyk­ly­gy­ny ka­bul et­di. Şeý­le hem no­ýabr aýyn­da gu­ra­ma­nyň dö­re­di­len gü­nün­de YHG-nyň XVI sam­mi­ti­niň paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da gu­ral­ma­gy ug­run­da taý­ýar­lyk iş­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bu se­bit gu­ra­ma­sy­na baş­lyk­lyk et­me­giň mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Tür­ki dil­li döw­let­le­riň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry syý­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ba­bat­da tür­ki dil­li döw­let­ler bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ra uly üns be­ril­ýär. Türk­men hal­ky­ny şol döw­let­le­riň halk­la­ry bi­len ta­ry­hy kök­le­riň, müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan me­de­ni we ru­hy däp­le­riň umu­my­ly­gy bag­la­nyş­dyr­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz bu gu­ra­ma­nyň hem köp san­ly iri fo­rum­la­ry­na gat­na­şyp, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň, ge­ňe­şiň ag­za­sy bo­lup dur­ýan döw­let­ler bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy ba­bat­da köp san­ly mö­hüm baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş et­di we şol baş­lan­gyç­lar tür­ki dil­li halk­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­dy.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär. Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bi­len kom­mu­ni­ka­si­ýa we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar pu­da­gyn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek hem mak­sa­da la­ýyk ha­sap edil­ýär. Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň bu ugur­da ga­za­nan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek we öz­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan­da ÝB-niň dip­lo­ma­tik we­ki­li­ýe­ti bi­len bi­le­lik­de Ýew­ro­pa­nyň mag­lu­mat we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­ni aç­mak müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tu­tul­ýar.
Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ba­ba­tyn­da aý­dy­lan­da bol­sa, «Türk­me­nis­tan – ÝB» iş ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ug­run­da ta­gal­la edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gy­na hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ba­ha be­ril­di.
Ener­ge­ti­ka ug­ry bo­ýun­ça «Türk­me­nis­tan-ÝB»-niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry­ny ös­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri hem-de «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek ul­ga­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin Ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Ko­mis­sa­ry­nyň eda­ra­sy hem-de Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra agent­li­giň (IRE­NA) ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da ýe­til­ýän be­lent de­re­je­ler, hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň be­ren mi­we­si­dir. Umu­man, Di­ýa­ry­my­zyň da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­tyn­da uly öňe­gi­diş­lik­le­re eýe bo­lun­ýar. Äh­li ul­gam­lar bo­ýun­ça be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, olar bi­len oňyn hyz­mat­daş­lyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy hem giň ge­ri­me eýe bol­ýar.

Ba­tyr AMAN­NA­ZA­ROW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.