Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan günsaýyn ösýär hem-de özgerýär, medeni mirasymyzyň has-da ösdürilmegine aýratyn orun berilýär.
Milli el işlerimiziň döreýiş kökleri milletimiziň uzak geçmişiniň şöhratly sahypalaryna siňip gidýär. Şoňa görä-de, ol halkymyzyň taryhynyň, medeniýetiniň senetçilik baýlygynyň aýrylmaz bölegidir. El işleriniň, keşdeleriň, göldür nagyşlaryň her biriniň mazmunynda milletimiziň ruhy dünýäsi öz aýdyňlygy bilen açylýar. Aýratyn hem gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri bolan kürte, çabyt, çyrpy, begres don, keteni köýnekler, düýpli gyňaç, gültahýa, gülli gonçly joraplar şu günki güne çenli özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmän gelýär. Olaryň hersiniň özboluşly ähmiýeti bar.
Türkmen zenanlarynyň ýerine ýetirýän örän köp görnüşli el işleri taýýarlananda, şol sanda kürte bejerilende, olaryň biri-birinden üýtgeşik owadan nagyşlarynda, göllerinde durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, zähmetsöýerlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly çuňňur mazmunly düşünjeler beýan edilýär.
Mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň el işlerinde beýan edilýän bu ajaýyp düşünjeler ösüp gelýän nesilleri, esasan-da, geljegimiz bolan ýaş gyzlary terbiýelemekde, olarda zähmet endigini kemala getirmekde, edep-terbiýäni, maşgala ojagyna, ata-enä wepaly bolmak häsiýetlerini ösdürmekde möhüm terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Bu bolsa belent adamkärçilik häsiýetlerini hem özünde jemleýär. Munuň özi belent ynsanperwerligiň, ahlak kadalaryna eýermegiň ajaýyp nusgasydyr.
Gahryman Arkadagymyz eli çeper zenanlarymyzyň zähmetine aýratyn sarpa goýýar. El hünäriniň elden-ele, nesilden-nesle geçmegi, kämilleşdirilip, döwrebap derejede ösdürilmegi babatda ähli amatlyklary döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hususy eýeçilikde tikinçilik işlerini ýöredýän kärhanalar açylyp, olarda zähmet çekýän gelin-gyzlar ene-mamalarymyzyň el hünärini ussatlyk bilen dowam etdirýärler.
Däp-dessurlary öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň, ýagny 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ajaýyp kürtäniň nagyşdyr keşdeleriniň her birinde Ogulabat ejäniň arzuw-islegleri, pikir-garaýyşlary, ýürek sözleri, ýagşy dileg-dogalary sungatyň üsti bilen beýan edilýär. Eli hünärli Ogulabat eje milletiň medeni ýol-ýörelgesini dowam edýän, ony has kämilleşdirmäge ymtylýan gelin-gyzlarymyz üçin uly görelde mekdebidir, ýaşaýşymyzyň ruhy sütünidir.
Bu gymmatly eser halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryny, türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerini, aýratyn-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-ekramyny, zähmet terbiýesini, ukyp-başarnygyny özünde jemläp, geljekki nesillerimize galjak nusgalyk baky mirasa öwrüler. Bu kürtäniň muzeýe gowşurylmagy halkymyzyň medeni hazynasynyň ösmegine uly goşandy aňladyp, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat edýär.
Nartäç Berdiýewa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň
Buhgalter hasaby we hasabaty müdirliginiň baş hünärmeni.