Horwatiýanyň Premýer-ministri Andreý Plenkowiç ýurduň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro zolagyna goşulmaga taýýardygyny aýtdy. Ýewro zolagyna goşulmak baradaky Döwlet komitetiniň mejlisinde eden çykyşynda Horwatiýanyň ýewro puluna geçmäge taýýardygyny we Ýewropa Bileleşiginden syýasy goldawy alandygyny aýtdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, ýewro geçiş halkyň hal-ýagdaýyny we ykdysady ösüşini ýokarlandyrar. Premýer-ministr «Puluň hümmeti bilen baglanyşykly töwekgelçilikler we çykdajylar aradan aýrylar, göterimiň derejesi peseler we daşary ýurt maýa goýumlary barha ýokarlanar» diýdi.
– Jemi içerki önümiň şu ýyl 5 göterim, indiki ýyl bolsa 6,6 göterim ösmegine garaşylýar. 2020-nji ýylda býujet zyýany jemi içerki önümiň 7,4 göterimini düzdi, şu ýyl bu görkeziji 3,8 göterime çenli azalar, bu ýagdaý ýakyn iki ýylda dowam eder – diýip, Andreý Plenkowiç häzirki wagtda Horwatiýanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşe eýe bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Andreý Plenkowiçiň golaýda Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň çäginde Horwatiýanyň 2022-nji ýylda Şengen sebitine, 2023-nji ýylda bolsa ýewro zolagyna girmäge bil baglaýandygyny mälim edipdi. Şeýle hem Premýer-ministr Horwatiýanyň öňde goýan maksatlaryna ýetmegi üçin Ýewropa Bileleşiginiň goldaw berýändigini aýtdy.
Horwatiýa Respublikasy Günorta Ýewropada, bölekleýin Balkan ýarym adasynda ýerleşýän döwlet bolup, 1991-nji ýylda garaşsyzlygyna eýe boldy. Ýurduň ilaty geçen ýylyň maglumatlaryna görä, 4 million 227 müň 746 adama deň.