«Ýew­ro­pa ýurt­la­ry 3-nji iýul­dan baş­lap bir ge­zek ula­nyl­ýan plast­mas­sa ta­ba­jyk­lar, çem­çe­ler, tur­ba­jyk­lar, şar ta­ýa­jyk­la­ry we pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar, pe­no­po­lis­ti­rol­dan edi­len iý­mit we iç­gi gap­la­ry bi­len gu­tar­nyk­ly hoş­laş­dy» di­ýip, daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Wir­gi­ni­ýus Sink­ýa­wiç­ýus mä­lim et­di.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ka­nun­çy­ly­gy­nyň çä­gin­de 2019-njy ýyl­dan baş­lap, se­bi­tiň äh­li döw­let­le­rin­den 2021-nji ýy­lyň 3-nji iýu­ly­na çen­li bir ge­zek ula­nyl­ýan kä­bir plas­tik önüm­le­riň ba­zar­dan çy­ka­ryl­ma­gy ka­rar edi­lip­di.
De­ňiz­ler­dä­ki ga­lyn­dy­la­ryň 80 gö­te­rim­den gow­ra­gy plast­mas­sa önüm­le­rin­den yba­rat­dyr. Bir ge­zek ula­nyl­ýan plast­mas­sa önüm­le­ri di­ňe gys­ga wagt­lap ula­nyl­ýar, soň­ra bol­sa taş­lan­ylýar. Şo­nuň üçin köp ge­zek ula­nyl­ýan önüm­le­re ga­ra­nyň­da, ola­ryň de­ňiz­le­re düş­mek äh­ti­mal­ly­gy has ulu­dyr. «Adat­ça, plas­tik önüm­ler de­ňiz­ler­de, um­man­lar­da we su­wa dü­şül­ýän ke­nar­lar­da top­la­nyp, de­ňiz fau­na­sy­na we adam sag­ly­gy­na uly howp dö­red­ýär» di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri mä­lim et­di­ler.

Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ka­ra­ry
Tä­ze Ze­lan­di­ýa bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­ti­ka­ny ara­dan aýyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le ga­da­gan­lyk­lar 2022-nji ýyl­dan 2025-nji ýy­la çen­li tap­gyr­la­ýyn ama­la aşy­ry­lar.
– Ýur­duň ila­ty her gün adam ba­şy­na, tak­my­nan, 159 gram plas­tik ga­lyn­dy­la­ry taş­la­ýar­lar, bu bol­sa, dün­ýä­de iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir – di­ýip, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň daş­ky gur­şaw mi­nist­ri De­wid Par­ker aýt­dy.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa hä­zir­ki wagt­da taş­la­nyl­ýan plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry bo­ýun­ça il­kin­ji on ýur­duň ha­ta­ry­na gir­ýär. Şol se­bäp­den, ýer­li hä­kim­ýet­ler pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar, plas­tik hal­ta­lar, çem­çe­ler, ta­bak­lar, tur­ba­jyk­lar we mi­we­le­riň ýü­zü­ne ýa­pyş­dy­ryl­ýan eti­ket­ka­lar ýa­ly bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­ti­ka­nyň ga­da­gan edi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di­ler.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa 2019-njy ýyl­da bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik hal­ta­la­ryň köp gör­nü­şi­ni ga­da­gan edip­di, ýö­ne tä­ze çäk­len­dir­me­ler azyk we beý­le­ki ha­ryt­la­ryň daş­lyk­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýar. Tä­ze ga­da­gan­lyk­lar mö­hüm ädim bo­lup, ýur­duň iň uly plas­tik ön­dü­ri­ji­le­ri­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­me­li­dir – di­ýip, «Uni­tec» daş­ky gur­şaw çöz­güt­le­ri bo­ýun­ça bar­lag mer­ke­zi­niň mü­di­ri Ter­ri-An­ne Ber­ri aýt­dy.

BMG plas­tik gap­la­ma­la­ra gar­şy
Bir­le­şen Mil­let­ler gu­ra­ma­sy köp­lenç plas­tik gap­la­mak önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan UV-328 at­ly hi­mi­ki se­riş­dä­ni ga­da­gan et­me­gi tek­lip et­di. Bar­lag­la­ra gö­rä, bu mad­da jan­ly-jan­dar­la­ra zy­ýan­ly bo­lup bi­ler. Şeý­le­lik­de, BMG plas­tik gap­la­ma­lar se­bäp­li dö­rän daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ri­len zy­ýa­na gar­şy gö­reş­de tä­ze ädim­ler ba­ra­da oý­lan­ýar. Bu ýer­de gür­rüň, esa­san, ola­ryň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan bel­li bir hi­mi­ki mad­da­nyň ga­da­gan edil­me­gi ba­ra­da bar­ýar. Bu mag­lu­mat­lar Ka­na­da­nyň «Green­peace» eko­lo­gi­ýa gu­ra­ma­sy bi­len bi­le­lik­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Dai­ly Ma­il» ne­şi­ri ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di.
UV-328 mad­da­sy plast­ik gap­la­ma­la­ryň köp gör­nü­şi­niň dü­zü­min­de bo­lup, ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da onuň ada­myň we haý­wan­la­ryň sag­ly­gy­na ýe­ti­rip bil­jek zy­ýa­ny anyk­la­nyl­dy. Wag­tyň geç­me­gi bi­len hi­mi­ki mad­da­lar be­de­n­de top­la­nyp, bag­ryň we böw­rek­le­riň iş­leý­şi­ne ýa­ra­maz tä­sir edip ug­ra­ýar.
Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, UV-328-e gi­ri­zi­len ga­da­gan­lyk, plas­tik gap­la­ma­la­ry ara­dan aýyr­mak üçin il­kin­ji ädim bo­lar. Şeý­le ga­da­gan­ly­gy gi­riz­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi Şwe­si­ýa­nyň we­kil­le­ri BMG-niň mas­la­ha­tyn­da öňe sür­dü­ler, hä­zir ol gö­zeg­çi­lik edi­ji gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.