Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batordan 52 kilometr uzakda ýerleşýän Çingiz han adyndaky täze halkara howa menzili işe girizildi. Täze howa menzilinden ilkinji uçuş Tokio ugur alyp, Mongoliýanyň milli howa gatnawy kompaniýasy MIAT tarapyndan amala aşyryldy. Täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna Mongoliýanyň Prezidenti Uknaagiýn Hurelsuh we beýleki resmi ýolbaşçylar gatnaşdylar. Uknaagiýn Hurelsuh bu çärede çykyş edip:
– Täze howa menziliniň hyzmat ediş mümkinçiligi ýylda 3 million ýolagça deň. Munuň ýurduň sosial-ykdysady ösüşine we Mongoliýa gelýän syýahatçylaryň köpelmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn – diýip belledi.
Çingiz han adyndaky täze halkara howa menziliniň diňe Ulan-Bator üçin däl, eýsem, öňki Buyant-Uhaa halkara howa menziliniň hem ornuny tutup, tutuş ýurt üçin esasy howa derwezesine öwrülmegine garaşylýar.
Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan desganyň meýdany, takmynan, 104 müň inedördül metre deň bolup, ýolagçy terminallary, takmynan, 35 müň inedördül metre deň.