«Airbus» kompaniýasynyň wekilleri pandemiýadan soň awiasiýa pudagynyň dikeldilmegine ynam bildirip, howa gämileriniň önümçiligini artdyrmak baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Ýewropa aerokosmos topary dördünji çärýekde A320 seriýasyna degişli laýnerleriniň önümçiligini aýda 45-e çenli giňeltmek boýunça meýilnamalaryny tassyklady. Kompaniýanyň baş direktory Giom Fori, üpjün edijilere bazar şertleri talap edilende zerur islegi kanagatlandyrmak üçin önümçiligiň artmagyna taýýarlanmagy maslahat berdi.
– Awiasiýanyň uzakmöhletleýin dikeldiş perspektiwalary sanjym kampaniýalarynyň dünýä ýaýramagy bilen gowulandy. Senagat üçin iň uly kynçylyklaryň biri, üpjünçilik zynjyrlarynyň garaşylýan islegi kanagatlandyrmak üçin önümçiligi artdyrmaga taýýardygyny anyklamakdyr – diýip, Giom Fori belledi.