Köp ýerde ýaşaýyş ýerleriniň çäginiň daralmagy sebäpli dünýädäki biodürlülige howp abanýar. Emma munuň öňüni almak üçin hem taslamalar taýýarlanýar. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda hünärmenler we daşky gurşaw aktiwistleri howp abanýan dag ýolbarslarynyň erkin gezmegine mümkinçilik berjek “ýaşyl köpri” taslamasyny durmuşa geçirmegi teklip edýärler. Umumy bahasy 65 million dollar boljak taslamanyň çäklerinde şäherara ýollaryň üstünden tebigy gurşaw bilen sazlaşykly köprüler gurlar. Santa Monika daglaryndaky 101-nji awtoulag ýolundaky köprini Kaliforniýanyň Transport müdirligi gurýan hem bolsa, maliýeleşdirilmegini hususy taraplar amala aşyrar. Dag eteginden geçýän uly ýol ýolbarslaryň geçýän ýoluny ikä bölýär. Bu bolsa olaryň köpelmek, aw etmek we beýleki sebäpler bilen uzak aralyga gitmegine päsgelçilik döredýär. Munuň öňüni almak üçin ýollaryň üstünden toprak we ösümlik bilen örtülen giň köprüler gurlar. Bu köprüler ýolbarslaryň we beýleki jandarlaryň howpsuz ýagdaýda geçmegini üpjün eder. Alymlar GPS enjamlary arkaly dag ýolbarslaryny ýakyndan yzarlaýarlar.

Dub agaçlary bilen guraljak köpriniň meýdany haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş ýerlerine mümkin boldugyça meňzeş ediler. Şeýle hem köprüden ýolbarslar bilen bir hatarda beýleki uly ýabany pişikler, sugunlar, keýikler, ýylanlar we beýleki jandarlar howpsuz ýagdaýda geçerler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin zerur bolan 65 million dollardan 38 million dollarynyň ýygnalandygy mälim edildi. Gurluşygyň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.