Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, käbir ýokary okuw mekdeplerniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnologik ösüşlerini mundan beýläk hem çaltlandyrmak, bilim ulgamynyň binýatlyk ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini hem-de dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek bellenildi.