11-nji iýulda Bolgariýada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy GERB partiýasy saýlawçylaryň 23,94 göterim sesine eýe bolup, öňdeligi eýeledi. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary býulletenleriň 76,5% -ini sanandan soň mälim etdi.

“Şeýle halk bar” partiýasy 1 göterim aratapawut bilen yzda galyp, sesleriň 23,59%-ine eýe boldy.

Ondan soň “Bolgariýa Sosialistik partiýasy” sesleriň 13,74%-ine, “Demokratik Bolgariýa” 12,7% sese eýe boldy. Bäşinji orny 10,33% ses bilen “Hukuklar we azatlyklar hereketi” partiýasy eýeleýär. “Galkyn!” partiýasy bolsa, saýlawçylaryň 5,51% sesine eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 30%-den az bolup, 4-nji aprelde geçirilen saýlawlara garanyňda ep-esli pesdigi habar berilýär.

4-nji aprelde geçirilen saýlawlarda dolandyryjy GERB partiýasy 26,18% gazanyp, ýeňiş gazanypdy. Ikinji orny 17,66% ses bilen “Şeýle halk bar” partiýasy eýeledi, üçünji orny 15,01% ses bilen Bolgariýanyň Sosialistik partiýasy eýeledi. Mundan başga-da, “Demokratik Bolgariýa partiýasy” sesleriň 9,45%-ine, “Hukuklar we Erkinlikler Hereketi” 10,49%-ine we “Galkyn!” 4,72%-ine eýe bolup, Parlamentde orun alypdylar. Ýöne hökümet döredip bilmediler.

Bolgariýa Parlament Respublikasy bolup, Milli ýygnak 240 deputatdan ybarat, olar dört ýyl möhlet bilen halk köpçüliginiň sesi arkaly saýlanýar. Saýlawçylaryň 4%-den gowragy ses berse, partiýa Parlamente girip bilýär.