11-nji iýulda Moldowada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda ýurduň Prezidenti Maýa Sanduny goldaýan “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy ýeňiş gazandy. Bu barada býulletenleriň 99-53%-i sanalandan soňra mälim edildi. Maglumatlara görä, “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy sesleriň 52-51%-ine eýe boldy.
Ikinji ýerde kommunistleriň we sosialistleriň bileleşigi, üçünji ýerde hem “Şor” partiýasy gelip, degişlilikde, 27-37% we 5,78% sese eýe boldular. Beýleki partiýalar bolsa, sesleriň 5%-inden geçip bilmändigi habar berilýär.
Şeýlelik bilen, “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy Parlamentdäki 101 orundan 51-sine eýe bolup biler. Bu syýasy çärede daşary ýurtdaky saýlawçylar hem ses berip, heniz netijeleriň hemmesiniň jemlenmändigi mälim edilýär.
Respublikanyň Prezidenti saýlawlara gatnaşandyklary üçin saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi we mümkin boldugyça gysga wagtda hökümet gurmaga girişmekçidigini aýtdy.
2021-nji ýylyň aprelinde Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Parlamentiň işini ýatyrmak baradaky karara gol çekdi. Moldowada geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlaryna 22 partiýa we bileleşik we bir garaşsyz dalaşgär gatnaşdy. Esasy göreş, Maýýa Sandunyň wezipesine girişmezden öň ýolbaşçylyk eden “Hereket we raýdaşlyk” partiýasy bilen öňki iki prezidentiň: Kommunistik lider Wladimir Woroniniň we Sosialistik lider Igor Dodonyň ýolbaşçylygyndaky Kommunistler we Sosialistler bileleşiginiň arasynda bolup geçdi.