Italiýanyň çempionlygy bilen tamamlanan 16-njy Ýewropa çempionatynda bäsleşigiň iň ökde oýunçysy diýlip, çempion toparyň derwezeçisi Janluiji Donnarumma saýlandy. UEFA-nyň tehniki synçylary tarapyndan saýlanan Donnarumma çempionatda 7 duşuşykda jemi 719 minutlap derwezä durdy. Ol 4 gol geçirdip, 3 oýunda-da derwezesini goldan goramagy başardy. Italiýanyň ýygyndysynyň derwezesini gorap başlany bäri hiç bir oýunda 2 gol geçirtmedik Donnarumma Awstriýa bilen bolan duşuşyga çenli 1000 minutlap gol geçirtmän gelýärdi. Ol ýarym finalda we finalda penalti urgularyny saklamakda ussatlyk görkezip, toparynyň çempionlygyny ynamly goşant goşdy.

22 ýaşyndaky Donnarumma Ýewropa çempionatlarynda iň ökde oýunçy saýlanan ikinji derwezeçi bolup, ondan öň 1992-nji ýylda daniýaly Peter Şmeýhel bu hormata laýyk görlüpdi.

Öňki çempionatlaryň iň ökde oýunçylary:

1984: Mişel Platini (Fransiýa)

1988: Marko wan Basten (Niderlandlar)

1992: Peter Şmeýhel (Daniýa)

1996: Mattias Zammer (Germaniýa)

2000: Zinedin Zidan (Fransiýa)

2004: Teodoros Zagorakis (Gresiýa)

2008: Hawi Hernandes (Ispaniýa)

2012: Andres Iniesta (Ispaniýa)

2016: Antuan Grizmann (Fransiýa)