Pandemiýa döwründe welosipedlere islegiň ýokarlanandygy habar berildi. Ýewropanyň käbir ýurtlarynda iki tigirli ulaglara bolan isleg 40 göterim ýokarlanypdyr. Satylýan welosipedleriň arasynda elektrik energiýasy bilen işleýänleriniň paýy hem barha artýar. Ýewropa welosiped senagaty konfederasiýasynyň (“Conebi”) maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň satuwy 34 göterim artyp, 4,5 milliona ýetipdir. Satylan welosipedleriň bäşden birini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirýär.
“Conebi”-niň ýolbaşçysy Manuel Marsilio Ýewropa bazarynda iň köp satylýan elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň arasynda welosipedleriň uly aratapawut bilen öňdeligi eýeleýändigini aýtdy. Sebitde welosipedleriň ätiýaçlyk şaýlarynyň we aksesuarynyň satuwy hem 3 milliard ýewrodan geçipdir.
“Financial Times” neşiriniň habaryna görä, Ýewropanyň iň uly üpjünçilikçileriniň biri bolan “Bosch eBike Systems”-iň ýolbaşçysy Klaus Fleýşer 2025-nji ýyla çenli iki welosipedden biriniň elektrik energiýasy bilen işlejekdigini belleýär.
Ýewropada elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleriň bahasy 2-10 müň ýewro aralygynda üýtgeýär.