Dünýä ýurtlarynda jemi 3 milliard 440 million dozadan gowrak koronawirus sanjymy edilendigi habar berildi. Bu ugurda dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaý öňdeligi eýeleýär. Ýurtda jemi 1 milliard 382 million doza sanjym edilipdir. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda 408 million, Hindistanda 381 million doza sanjym urlupdyr.

Häzirki wagtda dünýäde 86 COVID-19 sanjymy işlenip taýýarlanýar. Häzire çenli jemi 12 sanjyma rugsat berildi.

“ourworldindata.org” saýtyndaky maglumatlara görä, sanjym etmekde ABŞ, Braziliýa, Germaniýa, Angliýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär.

Ilat sanyna görä iň köp sanjym Birleşen Arap Emirliklerinden urlupdyr. Ýurtda her 100 adama 161,11 doza sanjym düşýär. Jemi 18 ýurtda doza sany ilat sanyndan geçipdir. Bu ýurtlar: Malta, Seyşeller, Islandiýa, San Marino, Bahreýn, Ysraýyl, Çili, Urugwaý, Mongoliýa, Angliýa, Katar, Farýer Adalar, Kanada, Singapur, Wengriýa, Belgiýa we Niderlandlar.

Mälim bolşy ýaly COVID-19 garşy sanjym iki dozadan ybaratdyr.