Halkara pul gaznasy (HPG) işgärleriniň belli bir bölegini öýünden işlemeklerini hemişelik ýola goýmagy maksat edinýär. Şeýlelikde maliýe edarasy käbir gozgalmaýan emläklerini azaldar. Gazna pandemiýadan soňra hem işgärleriniň hepdäniň belli günlerinde öýden işlemeklerini ýola goýmak üçin strategiýa taýýarlaýar. Şeýlelikde, gazna ofislerini azaldar.
Gaznanyň 2700 töweregi işgäri bolup, olaryň 90 göterimi ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda işleýär.
“Google”, “Ford”, “Facebook”, “General Motors” ýaly iri kompaniýalar hem uzak aralykdan işlemegi ýola goýmagy maksat edinýär.