Merdana halkymyz gadym wagtlardan bäri maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy hem
ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplaýar. Düýeler adamlaryň asyrlarboýy peýdalanyp gelýän esasy kömekçisidir. Düýe maly tebigatyň iň gazaply, iň gurak tebigatda ýaşamaga uýgunlaşandyr. Bu jandarlar çydamly bolup, ähli zady dermanlyk hasaplanýar. Taryha ser salsak hem bu jandaryň Orta Aziýa ýurtlarynyň arasynda Hytaý, Hindistan we beýleki birnäçe döwletler bilen söwda gatnaşyklary saklamakda, agyr ýükleri daşamakda iň ýakyn ýardamçy bolup hyzmat edendigi mälimdir. Häzirki wagtda hem türkmeniň ýazylyp ýatan, selindir sazakly, açyk asmanyň astyndaky ymgyr baý muzeýe meňzeýän bu giň Garagum sährasyny düýesiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Bu türkmen topragynyň baýlyklaryny sanasaň, aňyrsyna göz ýetmez. Ähli zady jana derman – kalba melhem. Garaz türkmen sähralarynyň baýlyklaryny sanasaň sogaby bar.

Hä­zir­ki dö­wür­de dü­ýe­le­riň iki sa­ny gör­nü­şi, ýag­ny bi­r ör­küç­li (dro­me­dar) we iki ör­küç­li (bak­te­ri­an) gör­nüş­le­ri giň­den ýaý­ran­dyr. Bi­ziň ys­sy kli­mat­ly Di­ýa­ry­myz­da hem dü­ýe­le­riň bi­rör­küç­li gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Dü­ýe­le­riň bu to­hu­my özü­niň ys­sy, gu­rak şert­ler­de has çy­dam­ly­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­me­nis­tan­da dü­ýe­le­riň esa­sy kö­pel­dil­ýän to­hu­my bir ör­küç­li ar­wa­na­dyr. Her bir ugur­da özü­niň aý­ra­tyn ukyp-ba­şar­ny­gy­ny, zäh­me­ti­ni dün­ýä ýü­zü­ne äşgär ed­ýän hal­ky­my­zyň kö­peld­ýän ar­wa­na­sy dü­ýe­dar­çy­ly­ga go­şu­lan aja­ýyp go­şant­dyr. Türk­men ar­wa­na­sy özü­niň sag­ly­ga peý­da­ly ýü­ňi, süý­di, eti, de­ri­si bi­len beý­le­ki­ler­den düýp­li ta­pa­wut­lan­ýar. Önüm­çi­lik şert­le­rin­de ar­wa­na dü­ýe­ler or­ta­ça 20-25 ýyl ýa­şa­ýar­lar. Şol döw­rüň için­de je­mi 8-10 kö­şek ber­ýän ar­wa­na dü­ýe­le­ri or­ta­ça 400-600 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bol­ýar. Türk­men ar­wa­na­sy­nyň süýt­li­li­gi hem beý­le­ki to­hum­lar­dan iki es­se ýo­ka­ry­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ar­wa­na dü­ýe­le­ri­niň sa­gym döw­rü­niň do­wa­myn­da 2000-2500, kä­bir süýt­li dü­ýe­le­riň bol­sa 4000 lit­re çen­li süýt ber­ýän­di­gi anyk­la­n­dy.
Dü­ýe­dar­çy­lyk işin­de ka­da bo­ýun­ça hö­wür­den çy­kar­ma­gyň er­kin usu­lyn­da bir hö­wür er­ke­ge 30-35 inen dü­ýe­le­ri ber­kit­mek bol­ýar. Sü­rüde hö­wür er­kek ýet­mez­çi­lik ed­en ýag­da­ýyn­da ola­ryň sa­ny­ny baş­ga saý­lant­gy ýa-da bi­rin­ji de­re­je­li er­kek dü­ýe bi­len dol­dur­mak bol­ýar. Aý­ra­tyn bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri hem höw­re go­şul­jak er­kek dü­ýä­niň ge­lip çy­ky­şy­na uly äh­mi­ýet ber­me­li. Se­bä­bi dü­ýe­le­riň to­hu­my­nyň, kö­pe­li­şi­niň has ýo­ka­ry bol­ma­gy dü­ýe­dar­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­de aý­ra­tyn orun­da dur­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, to­hum­çy­lyk işin­de dü­ýe­ler hi­li bo­ýun­ça saý­lant­gy, bi­rin­ji, ikin­ji de­re­je­li we pes hil­li to­par­la­ra bö­lün­ýär. Hö­wür döw­rün­de saý­lant­gy we bi­rin­ji de­re­je­li dü­ýe­le­ri ulan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Pes hil­li dü­ýe­ler hö­w­re go­şul­sa, on­da gel­jek­ki önüm­çi­li­giň hi­li­niň pe­sel­me­gi­ne ge­ti­rer. Pes hil­li de­re­je­den al­nan to­hum­la­ra gö­hert dü­ýe di­ýil­ýär. Gö­hert dü­ýe­ler to­hum­çy­lyk­da iň ýa­ra­maz de­re­je­dir. Halk ara­syn­da adam­la­ryň hem häsi­ýet­le­ri­niň ýa­ra­maz­la­ry­ny, gy­ly­gy­nyň er­bet­le­ri­ni «gö­hert dü­ýe ýa­ly» di­ýip ba­ha­lan­dy­ryp­dyr­lar. Şo­nuň üçin hem dü­ýe­le­riň hö­wür döw­ri aý­ra­tyn jo­gap­kär­li dö­wür ha­sap­la­nyl­ýar.
Dü­ýe ma­ly­ny dün­ýe ma­ly­na de­ňe­ýän hal­ky­my­zyň ara­syn­da dü­ýe bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe ro­wa­ýat­lar, aýt­gy­lar giň­den ýaý­ran­dyr. «Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar» di­ýen na­kyl gö­nü­den-gö­ni yn­san­la­ra de­giş­li­dir. Ýö­ne şeý­le na­ky­lyň dü­ýe ja­na­we­riň ady bi­len aý­dyl­ma­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Se­bä­bi dü­ýe ma­ly jan­ly-jan­dar­la­ryň ara­syn­da ça­ga­sy üçin iň ham­ragy ha­sap­la­nyl­ýar. As­lyn­da-ha dü­ýe öz köşegini bir ýyl­lap gö­ter­ýär. Şo­nuň üçin dü­ýe­ler kö­şe­gi ýyl­da däl-de, ýy­la­şa ber­ýär. Bu ba­ra­da şeý­le ro­wa­ýat bar: Bir ada­myň dü­ýe­si­niň yz­ly-yzy­na üç kö­şe­gi bo­lup ölüp­dir. Bu bol­sa ýy­la­şa bir kö­şek­den ha­sap­lan­sa al­ty ýyl­da üç kö­şek bol­ýar. Üçün­ji kö­şe­ji­gi ölen­den soň dü­ýe ja­na­we­riň özi ke­sel­läp­dir. Eýe­si bir­nä­çe mal luk­ma­ny­ny ge­ti­rip­dir. Em­ma hiç bi­ri hem bu ja­na­we­riň der­di­ni bil­män­dir. Dü­ýe eýe­si bia­laç dü­ýe­si­ni ha­ram öl­dür­me­jek bo­lup, gas­sap ça­gyr­ýar. Her kim öz we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Gas­sap hem ge­lip dü­ýä­ni soýýar. Dü­ýä­niň bag­ryn­da üç sa­ny de­şik bar eken. Mu­ny gö­ren dü­ýe eýe­si ag­la­be­rip­dir. Gas­sap on­dan: -Dü­ýä­ňi ga­ty go­wy gör­ýär­mi­diň? – di­ýip so­rap­dyr. Dü­ýe eýe­si: -Wah, ja­na­we­riň ba­gyr awu­sy bar eken-dä – di­ýip­dir. Ýaň­ky dü­ýä­niň bag­ryn­da­ky her de­şik bir kö­şe­ji­gi ölen­de ga­lan bol­sa nät­jek. Gör­şü­miz ýa­ly dü­ýe ma­ly­nyň ham­rak­ly­gy, ene söý­gü­si baş­ga jan­dar­la­ryň­ka ga­ra­nyň­da has ýo­ka­ry­dyr. Dö­re­di­len şol na­ky­lyň hem hut dü­ýä­niň ady bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ýö­ne ýer­den däl­dir. Ýog­sam sy­gyr, go­ýun ýa-da baş­ga bir jan­da­ryň ady tu­tul­sa hem bo­lar­dy. Em­ma na­kyl­da hem öwüt-ün­dew, hem dü­ýä­niň ça­ga­sy­na söý­gü­si­niň şeý­le be­ýik­di­gi aý­dyl­ýar. Gör­şü­miz ýa­ly dü­ýe ma­ly edil adam ýa­ly syz­gyr jan­dar­dyr. Dü­ýä­niň ýe­ne bir tä­sin gy­ly­gy bu ja­na­wer bot­lan wag­ty ýe­ke özi uzak ýer­le­re gid­ýär. Dü­ýe bot­la­jak wag­ty iň ta­kyr ýe­ri saý­lap al­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­myz inen dü­ýä­niň bot­la­ýan ýe­ri­ni bel­läp şol ýer­den gu­ýy ga­zyp­dyr­lar. Se­bä­bi dü­ýä­niň saý­la­ýan ta­kyr ýe­ri su­wuň ýe­riň ýü­zü­ne iň ýa­kyn ýe­ri bo­lup­dyr. Bu zat­lar hem dü­ýe ma­ly­nyň äh­li ta­rap­la­ýyn adam üçin peý­da­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hal­ky­my­zyň haý­sy ede­bi­ýa­ty­na ýüz­le­ne­ni­miz­de hem dü­ýe ma­ly­na nä­hi­li de­re­je­de sar­pa goý­ýa­ny­ny bil­mek bol­ýar. My­sal üçin «Şa­se­nem-Ga­ryp» des­sa­nyn­da­ky «Ke­je­bäň çek­mä­ge ak ma­ýa ge­rek» di­ýen se­tir­le­ri­ne hem­mä­miz ga­bat ge­len bol­sak ge­rek. Şeý­le se­tir­ler­de hal­ky­my­zyň iň bir bagt­ly toý gü­nün­de dü­ýe ma­ly­nyň ula­nyl­ýan­dy­gy, oňa nä­de­re­je­de ba­ha ber­ýän­di­gi aý­dyň gö­rün­ýär. Türk­men halk er­te­ki­sin­de Ak­pa­myk do­gan­la­ry­na ak ma­ýa­nyň süý­dü­niň üs­ti bi­len tä­ze­den jan ber­ýär. Bu bol­sa dü­ýe ma­ly­nyň hor­ma­ty­nyň hal­ky­my­zyň aňy­na, ru­hu­na si­ňen­di­gi­ni gör­kez­ýär.
«Dü­ýe­li baý – dün­ýä­li baý», «Ge­çi­li baý – ki­çi baý», «Go­ýun­ly baý – go­ýy baý», «Sy­gyr­ly baý – sy:gyr baý» diý­ýän hal­ky­myz mal­dar­çy­ly­ga, esa­san­da dü­ýe­dar­çy­ly­ga he­mi­şe uly baý­lyk hök­mün­de ga­rap­dyr­lar, onuň hiç bir za­dy­ny yr­ýa et­män peý­da­la­nyp­dyr­lar. Di­ňe dü­ýe ma­ly­nyň önüm­le­ri­ni däl, asyl-ha türk­men hal­ky­nyň ata-ba­ba gy­lyk-hä­si­ýe­tin­de za­dy is­rip et­mek duý­gu­sy ýok. Dur­mu­şyň dür­li ýo­wuz sy­nag­la­ry­ny ba­şyn­dan ge­çi­rip, akyl-paý­has ele­gin­de elän pe­der­le­ri­miz bi­ze bir­nä­çe ru­hy ha­zy­na­ny mi­ras go­ýup­dyr. Ola­ryň ara­syn­da türk­men te­bip­çi­li­gi­niň hem bir­nä­çe ýol­la­ry­ny öw­re­dip­dir­ler. Gün­do­ga­ryň meş­hur ta­ry­hy şah­sy Ibn Si­na adam­lar: «Siz gi­de­ni­ňiz­den soň bi­ze kim te­bip­çi­lik eder» – di­ýip so­ran­la­ryn­da, ot­lap ýö­ren dü­ýä­ni gör­ke­zip «Men gi­de­nim­den soň dü­ýe ja­na­wer si­ze te­bip­çi­lik eder» di­ýip jo­gap be­rip­dir. Meş­hur Luk­man He­kim şeý­le diý­ýän bol­sa, on­da dü­ýe süý­di we ça­ly ha­kyn­da tes­wir­ler en­tek açy­lar­dan köp bol­ma­ly. Bü­tin dün­ýä ady bel­li te­bi­biň söz­le­ri­ne sal­gy­lan­sak hem dü­ýe ma­ly­nyň dur­şy bi­len der­man­dy­gy­ny açyk aýt­mak bo­lar. Dü­ýe ça­ly­nyň jöw­za­ly ys­sy­da suw­suz­ly­gy­ňy gan­dyr­ýan iç­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, iç­ki sy­na­la­ryň dür­li ke­sel­le­ri ze­rar­ly ýü­ze çy­kan bo­zul­ma­ny di­keld­ýän­di­gi­ni alym­lar anyk­la­dy. Şeý­le hem dü­ýä­niň süý­di, ça­ly, aga­ra­ny in­çe­ke­se­li be­jer­mek­de gym­mat­ly der­man ha­sap­lan­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­len ul­ga­ma öw­rül­di. Hormatly Prezidentimiziň çy­kyş­la­ryn­da dü­ýe süý­dü­niň we ça­ly­nyň adam be­de­ni­ne ýe­tir­ýän gym­mat­ly be­je­riş tä­si­ri ba­ra­da aý­dan jüm­le­le­rin­den we mas­la­hat­la­ryn­dan ugur alyp, dü­ýe süý­dü­ni, ça­ly­ny di­ňe bir öý şert­le­rin­de däl-de, eý­sem, şy­pa­ha­na şert­le­rin­de hem ulan­ma­ga uly müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dildi.
Dü­ýe süý­dü­niň ýag­ly­ly­gy, dü­zü­min­de be­lok we mi­ne­ral mad­da­la­ry­nyň köp­lü­gi on­dan bir­nä­çe gör­nüş­li önüm­le­ri taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Dü­ýe süý­dün­den çal, aga­ran, doý­ran, süz­me, gurt ýa­ly önüm­ler alyn­ýar. Bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da ka­bul edil­me­li süýt we süýt önüm­le­ri­niň için­de dü­ýe süý­dü­ni we onuň önüm­le­ri­ni peý­da­lan­mak has yg­ty­bar­ly bol­sa ge­rek. Se­bä­bi dü­ýe süý­di aş­ga­zan-içe­ge, ýü­rek-da­mar, dem alyş, iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­nyň nä­saz­lyk­la­ry­nyň we bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­ri­ň be­jer­gi­si­niň tä­si­ri­ni art­dyr­ýan­dy­gy­ny alym­lar su­but et­di. Türk­me­nis­tan­da ça­lyň be­je­ri­ji­lik äh­mi­ýe­ti­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn we ne­ti­je­li bir şe­kil­de alym G. Ho­ja­gu­ly­ýew öw­ren­di. Ol aş­ga­zan ke­sel­le­rin­den ejir çek­ýän adam­la­ra dü­ýe ça­ly­nyň peýdalydygyny su­but et­di.
Dü­ýä­niň süý­di we eti ber­hiz­lik mal önü­mi ha­sap­la­ny­lyp, oňa Di­ýa­ry­my­zyň is­len­dik kün­je­gin­de köp is­leg bil­di­ril­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de dü­ýe süý­dü­niň dü­zü­min­de adam üçin ze­rur bo­lan ýa­gyň, ug­le­wo­dyň, be­lo­gyň, mi­ne­ral mad­da­la­ryň we wi­ta­min­le­riň 100-den gow­ra­gy­nyň sak­lan­ýan­dy­gy anyk­la­nyl­dy. Olar bol­sa be­de­ni­miz ta­ra­pyn­dan ýe­ňil öz­leş­di­ri­lip, aş­ga­zan-içe­ge ýol­la­ryn­da­ky dür­li nä­saz­lyk­la­ryň, howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Dü­ýe süý­dü­niň dü­zü­min­de süýt şe­ke­ri, be­lok, ka­ze­in, al­bu­min we glo­bu­lin ýa­ly wi­ta­min­ler sak­lan­ýar. Baş­ga önüm­ler­de duş gel­me­ýän ka­ze­in dü­ýe süý­dün­de kal­siý fos­fat top­lu­my gör­nü­şin­de ýer­leş­ýär. Dü­ýe ça­ly taý­ýar­la­ny­lan­da bir­nä­çe fer­ment­le­riň tä­si­ri esa­syn­da ka­ze­in düý­bü­ne çö­küp, al­bu­min we glo­bu­lin suw gör­nü­şin­de süý­düň ýü­zü­ne çyk­ýar. Dü­ýe süý­di zy­ýan­ly be­den­jik­le­ri öl­dü­ri­ji hä­si­ýe­te eýe­dir. Hut şeý­le der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni gö­rüp, dur­muş­da peý­da­la­nyp gel­ýän hal­ky­myz «Dü­ýe ça­ly – der­de dä­ri» diý­ýär.

Dün­ýä­gö­zel ÇER­KE­ZO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň «Jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ylym­la­ry» ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.