Ulag sürmegiň sowuk howada käbir kynçylyklarynyň bolşy ýaly, yssy günlerde hem käbir oňaýsyz taraplary bolýar. Bu döwürde ulagy yssydan goramak ulagyňyzda ýüze çykyp biljek käbir tehniki bökdençlikleriň öňüni almaga ýardam eder. Howanyň yssy günlerinde ulagyňyzyň sergin bolmagy üçin käbir öňüni alyş çärelerini geçirmeli. Gazetimiziň şu sanynda şeýle usullaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň:
Kölegeli ýeri tapmaga synanyşyň!
Öýüňiziň golaýynda ulagyňyzy goýup boljak duralga ýok bolsa, onda kölegede goýmak maslahat berilýär. Bu ýönekeý maslahat ýaly hem bolsa, Gün şöhleleriniň ulagyňyza göni düşmeginiň öňüni alýar.
Awtoulagyňyzyň ýagyny barlaň!
Howanyň yssy möwsüminde awtoulagyňyzyň gyzmagyna sebäp bolýan käbir daşky täsirler bolýar. Ulagda ýüze çykýan tehniki näsazlyklaryň ýol-ulag hadysasyna sebäp bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýa duçar bolmazlyk üçin wagtly-wagtynda ulagyňyza tehniki ideg edip durmaly. Şolaryň biri hem ulagyňyzyň ýagyny ýygy-ýygydan barlamakdyr. Hereketlendirijidäki ýag sürtülmäniň öňüni alýar. Eger-de ýag azalan bolsa, sürtülme ýokarlanýar. Bu sürtülme ulagyň hereketlendirijisini has köp gyzdyrýar we käbir bökdençlikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Awtoulagyňyzy taýýarlaň!
Serginledijisi bar bolsa-da, ulagyňyza giren badyňyza derrew sowadyp bolmaz. Awtoulagyňyzyň göwnejaý salkynlyga ýetmegi üçin, takmynan, 9-10 minut gerek. Gyssagly ýola çykmak zerurlygy ýok bolsa, yssy howanyň täsirinden gaça durmak üçin ulagyňyzy herekete getirmezden 5-10 minut öň serginledijini işlediň! Şeýle edilse, hem siziň serginlemegiňiz üçin, hem-de ulagyňyz üçin peýdaly bolar.
Tebigy sowadyjylar
Ulagyň serginledijisi aşa yssy günlerde serginlemegiňiz üçin ýeterlik bolman biler. Bu ýagdaýda tebigy ösümliklerden peýdalanmak mümkin. Ýer ýüzünde tebigy sowadyjy ösümlikler köp. Olara lawanda ýapragy, limon, çopantelpek, ewkalipt we hindi laureli ösümlikleri mysal bolup biler. Bu ösümliklerden öndürilen gaty haldaky ergini awtoulagyňyzyň belli bir ýerinde goýsaňyz, hem ulagyňyzyň sowamagyna, hem-de ýakymly ys bilen gurşalmagyna ýardam berer. Bu ösümliklerden taýýarlanan ýaglary ulagyňyza girmezden ozal boýnuňyza we biliňize çalyp bilersiňiz. Bu bolsa siziň serginlemegiňize, süňňiňiziň sowamagyna kömek eder. Gysgaça aýdanymyzda, tomusda ulag dolandyranyňyzda yssy howadan gutulmagyň birnäçe usuly bar. Bu usullary göz öňünde tutup, has amatly we howpsuz syýahat edip bilersiňiz.
Ýoluňyz ak bolsun!