Haý­wa­nat dün­ýä­sin­de her bir haý­wan öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pan­da hem şo­la­ryň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň köp ýe­ri­ne ýaý­ra­ma­dyk hem bol­sa, bu jan­dar köp­ler üçin ta­nyş. Se­bä­bi bu tä­sin jan­dar­lar ba­ra­da dü­şü­ri­len do­ku­men­tal film­ler az däl. Te­le­ýaý­lym­dyr ga­zet-žur­nal­lar ar­ka­ly köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­ýän tä­ze­lik­ler­de pan­da­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar. Şeý­le hem bu jan­dar­la­ra mult­film gah­ry­ma­ny hök­mün­de hem köp ga­bat ge­lin­ýär.
Öň­ki ýyl­lar­da bu jan­dar­lar nes­li aza­lyp bar­ýan haý­wan­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar­dy. Go­laý­da hy­taý­ly bi­ler­men­ler bu jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­di­len­di­gi­ni mä­lim et­di. Hä­zir­ki wagt­da ola­ryň ýa­ba­ny te­bi­gat­da­ky sa­ny 1 müň 800-e ýe­ti­ri­lip­dir. Bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri bu jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi üçin bir­nä­çe iş­ler ge­çi­ril­di, ýa­şa­ýan çä­gi gi­ňel­dil­di. Ola­ryň iň ha­la­ýan iý­mi­ti bo­lan bam­buk to­kaý­lyk­la­ry dö­re­dil­di. Bu bol­sa oňyn ne­ti­je ber­ip­dir.
Te­bi­gy şert­ler­de pan­da­lar Hy­ta­ýyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Sy­çu­an we­la­ýa­tyn­da­ky dag etek­le­rin­de has köp ga­bat gel­ýär. Ýurt­da­ky pan­da­la­ryň 80 gö­te­ri­me go­la­ýy bu se­bit­de ýa­şa­ýar. Hä­zir­ki wagt­da pan­da­la­ra dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky haý­wa­nat bag­la­ryn­da hem ideg edil­ýär. Adat­ça bam­buk jeň­ňel­li­gin­de ýa­şa­ýan bu jan­dar­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­dil­me­gi üçin ta­gal­la edil­ýär. Ýur­duň Çen­du­ şä­herin­dä­ki Wo­long goraghanasynda pan­da sak­lan­ýar.
Süý­dem­di­ri­ji jan­dar bo­lan pan­da­la­ryň ag­ra­my dog­lan wag­ty 100-150 gram bol­ýar. 1,5 ýa­şy­na ýe­ten­de 50 ki­log­ra­ma ýet­ýär­ler we ene­le­ri­niň ýa­nyn­dan aý­ryl­ýar­lar. Köp­lenç bam­buk ösüm­li­gi­niň ýap­ra­gy­ we ýaş na­hal­la­ry bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ola­ryň iý­mi­ti­niň 99 gö­te­ri­mi­ni bam­buk eme­le ge­tir­ýär. Pan­da­lar ba­lyk we beý­le­ki ki­çi jan­dar­la­ry hem iý­ýär­ler. Aýy­nyň bir gör­nü­şi bo­lan bu jan­dar­lar gü­nüň 12 sa­ga­dy­ny iý­mit­len­mä­ge sarp ed­ýär­ler. Olar her gün­de öz ag­ra­my­nyň 15 gö­te­ri­mi ýa­ly iý­mit iý­me­li bol­ýar­lar. Pan­da­lar ür­kek haý­wan ha­sap edil­ýär. Olar adam­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­ne go­laý ýer­ler­den ga­ça dur­ýar­lar. Pan­da­lar 35 ýyl tö­we­re­gi ýa­şa­ýar. 2700 ýyl mun­dan ozal ýa­zy­lan Hy­ta­ýyň ge­og­ra­fi­ýa­syn­da bu jan­dar­lar ba­ra­da ag­zal­ýar.
Hy­taý­da bu jan­dar ag­zy­bir­li­giň we dost­lu­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da pan­da­lar dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­ri­ne ýaý­ra­ýar. Oňa hy­taý­ça «beý-şung» di­ýil­ýär, onuň ma­ny­sy «dag­da­ky ak aýy» diý­mek­dir.
Öz owa­dan­ly­gy bi­len hem­me­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýän pan­da­nyň şe­ki­li ýa­ba­ny dur­mu­şy go­ra­ma­gyň Bü­tin­dün­ýä gaz­na­sy­nyň (WWF) ny­şa­ny­ny eme­le ge­tir­ýär.