Biziň köpimiz Albert Eýnşteýniň (1879-1955) otnositellik nazaryýeti barada eşiden bolsak gerek, ýöne käbir adamlar bu nazaryýetiň düýp özenine düşünmeýärler. Bu adamzat taryhynda öwrendikli dünýägaraýşymyzdan ünsümizi sowýan ilkinji nazaryýetdir. Geliň ol barada ýönekeý sözler bilen gürrüň etmäge synanyşalyň. Biziň ählimiz üç ölçegli düşünjä öwrenişipdiris: dikleýin, kese we çuňluk nukdaýnazarlary. Eger-de, muňa wagty hem goşup, ony dördünji ululyk hasaplasak, onda biz dört ölçegli giňişlige eýe bolarys.
Bu wagtyň hem otnositel ululyk bilen baglanyşyklydygyny aňladýar. Şunlukda, biziň dünýämizde ähli zat otnositeldir. Bu nämäni aňladýar? Mysal üçin, ekiz dogany mysal getireliň, olaryň birini ýagtylygyň tizliginde 20 ýyl kosmosa ugradýarys, ikinjisini bolsa, Ýerde galdyrýarys. Haçan-da, birinji ekiz kosmosdan dolanyp gelende, Ýerde galandan 20 ýyl ýaş bolar. Munuň özi biziň dünýämizde ähli beýleki zatlar bilen birlikde wagtyň hem otnositeldigini görkezýär.
Haçan-da, jisimiň tizligi ýagtylygyň tizligine golaýlaşanda, wagt haýallaýar. Jisimiň tizligi ýagtylygyň tizligi bilen deňleşen halatynda, wagt bütinleý durýar. Şoňa görä-de, şeýle netije çykarmak bolar – eger-de, ýagtylygyň tizligi has-da artdyrylan halatynda, wagt yzyna, ýagny geçmişe tarap gaýdýar. Bularyň bary nazaryýetde, emma iş ýüzünde nähilikä? Elbetde, ýagtylygyň tizligine golaýlaşyp, üstesine-de, ony artdyryp bolmaýar. Ýagtylygyň tizligi barada aýdylanda bolsa, ol hemişe durnuklylygynda galýar. Mysal üçin, bir adam demir ýol menzilinde garaşyp dur, ikinjisi bolsa, otluda oňa tarap barýar diýeliň. Eger-de, menzilde duran fonarjygyny ýaksa, ondan çykýan ýagtylyk sekuntda 300000 kilometr tizlik bilen gidýär. Eger-de, otluda barýan adam hem fonarjygyny ýaksa, otlynyň tizligi sebäpli onuň ýagtylygynyň tizligi artmaýar. Çünki ýagtylygyň tizligi hemişe sekuntda 300000 kilometre barabardyr.
Eýsem-de bolsa, näme üçin ýagtylygyň tizligini artdyryp bolmaýar. Sebäbi ýagtylygyň tizligine deň tizlige golaýlaşylanda jisimiň agramy artýar, degişlilikde, jisimiň hereketi üçin zerur bolan energiýasy hem artýar. Eger-de, ýagtylygyň tizligine ýetilse, jisimiň agramy çakdanaşa agyr bolýar, umuman, energiýany hem hasaba alsak, bu boljak zat däl. Ýagtylygyň tizliginde diňe agramy bolmadyk jisimler hereket edip bilýär, şeýle jisim bolsa, ýagtylykdyr.
Mundan başga-da, bulara grawitasiýa (bütindünýä dartyşy, jisimleriň özara dartyşy bilen häsiýetlenýän materiýa hadysasy) hem goşulyp, ol wagty üýtgedip biler. Nazaryýete laýyklykda, grawitasiýa näçe ýokary bolsa, şonça hem wagt haýal geçýär. Ýöne bu hem diňe nazaryýetde şeýle, ýöne iş ýüzünde nähilikä? Hemralara birikdirilen häzirki zaman nawigasiýa ulgamy hut şu sebäpli juda takyk bolýarlar. Eger-de, olar otnositellik nazaryýetini göz öňünde tutmadyk bolsalar, onda ölçeglerdäki aratapawut degişlilikde, birnäçe kilometre barabar bolardy.