Amerikaly lukman Wikki Petersen tomsuň yssy aýlarynda yzygiderli iýilmeli iýmitleri mälim etdi. Lukmanyň pikiriçe, ülje, garaly, üzüm we malina iýýän adamlar işjeňlik we saglyk ösüşi taýdan agzalan miweler bilen iýmitlenmeýän adamlardan düýpli tapawutlandygyny aýtdy. Bu miweleriň düzümindäki antioksidantlaryň köp bolmagy beden öýjüklerini zeperlerden goraýan maddalar bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, antioksidantlar ganyň şekeriniň we insuliniň derejesini kadalaşdyryjysydygyny belleýän Petersen şol bir wagtyň özünde yssy howada alma we banan iýmegiň möhümdigini belläp geçdi. Bu önümleriň ikisi hem içege mikroflorasyna oňaýly täsir edýär.