Hytaýda ýokary tizlikli otlynyň täze nusgasy tanyşdyryldy. Onuň tizligi sagatda 600 kilometre ýetýär. Jemgyýetçilik ulagy «Maglev» otly ulgamyna degişlidir. Bu ulgamda rels bilen ulagyň metal tigirleriniň arasynda magnit meýdany emele gelip, olar bir-birini itip, äpet ulagy howada hereket etdirýär. Şeýlelikde, tigir bilen relsiň arasyndaky sürtülme dolulygyna diýen ýaly aradan aýrylýar. Muňa ýerde uçýan otly diýilse hem ýalňyş bolmaz. Ýurduň Şandun welaýatyndaky Singdao şäherinde işlenip taýýarlanan ulagyň geçen ýylyň iýun aýynda Şanhaýda synagdan geçirilendigi mälim edildi. Otly ulgamy ýolagçy gatnawyna başlan ýagdaýynda dünýäniň iň ýokary tizlikli otlusy bolar.
Häzirki wagtda Pekin-Şanhaý aralygyny ýokary tizlikli otly bilen 5,5 sagatda, uçar bilen 3 sagatda geçip bolýar. Emma bu tehnologiýa iki şäheriň aralygyny 2,5 sagatda geçmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda dünýäniň iň ýokary tizlikli otlusy Hytaýyň Şanhaý şäheriniň aeroporty bilen şäher merkeziniň aralygyndaky 30 kilometr aralykda hereket edýär. Soňky ýyllarda otly ýollarynyň gurluşygyny artdyran Hytaý ýokary tizlikli otly tehnologiýasynda hem dünýäniň öňdebaryjy ýurdy hasaplanýar. Geçen ýylyň ahyryndaky maglumatlara görä, ýurtda 37 müň 900 kilometrlik ýokary tizlikli otly ýoly bar.
Ýüsüp HALLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.