2000-nji ýyldan bäri tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynda bar bolan triatlon (ýüzmek, welosport, ylgamak) ýaryşynda zenanlaryň arasynda Bermuda döwletiniň wekili, dünýäniň iki gezek çempiony Flora Daffi ýeňiş gazandy. Ol pellehana 1 sagat 55 minut 36 sekuntda gelmegi başardy. Şunlukda, bu birinjilik bermudalylaryň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji altyn medalydyr. Umumylykda 2-nji medaly bolup, Daffiden ozal, 1976-njy ýylda Monrealda geçen Olimpiýa oýunlarynda Klarens Hill boks boýunça kümüş medal alypdy. Bermuda döwleti tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan tutýan meýdany boýunça iň kiçi ýurt hökmünde hasaba alyndy.

Triatlonda zenanlaryň arasynda 2020-nji ýylda Dünýä çempionlygyny gazanan britaniýaly Jorjia Teýlor-Brown (1:56:50) kümüş medala, 2019-njy ýylyň Dünýä çempiony amerikaly Keýti Zarefes (1:57:03) bürünç medala mynasyp boldy.

Düýn geçiren erkekleriň arasyndaky triatlon ýaryşynda norwegiýaly Kristian Blummenfelt ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 1 sagat 45 minut 04 sekuntda tamamlap, altyn medala mynasyp boldy. Ol triatlonda altyn medal gazanan ilkinji norwegiýaly türgen hökmünde hasaba alyndy. Ýaryşda kümüş medala britaniýaly Aleks Ýi, bürünç medala Täze zelandiýaly Haýden Waýld mynasyp boldy.

Mundan öňki 2 Olimpiadanyň çempiony Alister Brownliniň inisi 2012-nji ýylda bürünç, 2016-njy ýylda kümüş medal gazanan Jonatan Brownli bu gezek 5-njilik bilen oňňut etmeli boldy.