Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy – XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler.

Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ryň bu iri ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň ýe­ňiş ga­za­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl Tu­gu­nyň be­len­de gal­dy­ryl­jak­dy­gy­na bo­lan yna­my has-da ber­kid­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­syn­dan ruh­la­nan tür­gen­ler dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki üs­tün­lik­ler bi­len ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýar­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­na we­kil­çi­lik et­jek sport we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na ibe­ren Ýüz­len­me­sin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sport gu­jur-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň we sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Sport us­sat­la­ry­my­zyň we tür­gen­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra hem-de dün­ýä de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ryn­da ga­zan­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri jem­gy­ýe­ti­miz­de eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan söý­gi­ni ter­bi­ýe­le­ýär, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ýüz­len­me­sin­de mäh­ri­ban tür­gen­le­ri­mi­ziň Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri ga­za­nyp, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­na toý sow­gat­la­ry bi­len gel­jek­dik­le­ri­ne, eziz Wa­ta­ny­myz – Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­jek­dik­le­ri­ne uly ynam bil­di­ril­ýär.
Us­sat tür­gen il­kin­ji ýa­ryş­dan – ştan­ga­ny sil­kip gö­ter­mek bo­ýun­ça bäs­le­şik­den soň, 96 ki­log­ram ga­za­nan ne­ti­je­si bo­ýun­ça fran­si­ýa­ly Do­ra Ça­kun­te bi­len ikin­ji-üçün­ji orun­la­ry paý­laş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry sport us­sat­ly­gy mek­de­bi­niň 21 ýaş­ly tür­ge­ni üç sy­na­ny­şy­gyň hem­me­si­ni şow­ly ta­mam­lap, 116 ki­log­ram, 119 ki­log­ram we 121 ki­log­ram ag­ram de­re­je­le­rin­dä­ki ştan­ga­la­ry gö­ter­me­gi hem-de tä­li­miň bu gör­nü­şin­de mil­li re­kor­dy tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Şeý­le hem P.Gur­ýe­wa Türk­me­nis­ta­nyň re­kor­dy­ny – 217 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­dä­ki re­kor­dy ga­za­nyp, öz ozal­ky üs­tün­li­gi­ni 6 ki­log­ram de­re­je­de ýo­kar­lan­dyr­dy.
Ne­ti­je­de, tür­gen gy­zy­myz ýa­ryş­da üçün­ji or­ny eýe­län Ýa­po­ni­ýa­nyň we­ki­li Mi­ki­ko An­do­dan öňe geç­me­gi ba­şar­dy (sil­kip gö­ter­mek – 94 ki­log­ram, itek­läp gö­ter­mek – 120 ki­log­ram). Bu ag­ram de­re­je­sin­de ştan­ga­ny sil­kip gö­ter­mek­de (103 ki­log­ram), itek­läp gö­ter­mek­de (133 ki­log­ram) hem-de iki gör­nüş­de (236 ki­log­ram) üç sa­ny olim­pi­ýa re­kord­la­ry­ny ga­za­nan dün­ýä­niň dört ge­zek çem­pio­ny, dün­ýä re­kord­la­ry­nyň 12-si­niň eýe­si Kuo Sin-Çžun (Hy­taý Taý­pe­ýi) bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.
Tür­gen gy­zy­myz Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň 4-nji ýyl ta­ly­by­dyr. Ol sport ýo­lu­na A.Sa­ry­ýe­wiň ha­ly­pa­lyk et­me­gin­de baş­lap, hä­zir mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­my­zyň baş tä­lim­çi­si A.Emir­ýa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da us­sat­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­ýär.
Türk­me­nis­ta­na il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ge­ti­ren tür­gen gy­zyň üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da ýat­la­sak, 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ys­lam Raý­daş­lyk oýun­la­ryn­da ga­za­ny­lan al­tyn me­dal, 2018-nji ýy­lyň mar­tyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ga­za­ny­lan bü­rünç me­dal ba­ra­da aýt­mak ge­rek. P.Gur­ýe­wa ýe­ne-de iki sa­ny uly ýa­ryş­da – 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de Fi­ji Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ri­len ýaş­la­ryň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­da hem-de 2021-nji ýy­lyň ap­re­lin­de Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da dör­dün­ji or­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­daw­syz ta­gal­la­sy hem-de spor­ta aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ze­hin­li tür­gen­le­ri ýü­ze çy­kar­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şä­her­ler­dir oba­la­ry­myz­da döw­re­bap sport-sa­gal­dyş top­lum­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da üp­jün edi­len kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si yk­ba­ly­ny spor­ta bag­lan ýaş­la­ry­my­za sport de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem-de gel­jek­de hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 8-nji aw­gus­ta çen­li do­wam eder. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, tür­gen­le­ri­mi­ziň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki sy­lag­lar bi­len jan­kö­ýer­le­ri­ni be­gen­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri bar.