Dursun mekdepde okap ýören döwri telewideniýäniň şol wagtky režissýory Aýnabat Amanlyýewa özüniň taýýarlaýan «Gyzyl galstuk» atly mekdep okuwçylarynyň durmuşyndan gürrüň berýän gepleşigini alyp barmak üçin gelşiklije we dogumlyja gyzjagaz gözläp gelýär. Režissýoryň gözi Dursunjykda saklanyp, gyzjagaza gepleşik alyp barmaga rugsat bermegini mekdep ýolbaşçysyndan haýyş edýär. Şeýdip 1962-nji ýylda Dursun «Gyzyl galstuk» atly gepleşigi göni ýaýlymda alyp barmaly bolýar.
Dursun Gurbangulyýewa 1946-njy ýylyň 13-nji maýynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ol turuwbaşdan öz okaýan mekdebinde geçirilýän medeni çärelere gatnaşyp, tansa ukyp-başarnygynyň bardygyny tans gurnagynda köpçülige görkezip başlaýar. Guýmagursak zehininiň üsti bilen Dursun tiz wagtdan ökde tansçylaryň hataryna goşuljakdygyny aýan edýär. Dursun orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlansoň tans sungatyna bolan höwesi ony Aşgabadyň öňki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynyň ýanyndaky opera studiýasyna alyp barýar. Ol opera studiýasyna resminamalaryny tabşyrýar. Çagalygyndan tans sungaty bilen meşgullanyp ýören gyz döwlet synaglaryndan geçenden soňra okuwa kabul edilýär. Ol ýerde Dursun Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Hojaw Annaýew ýaly opera sungatynyň düýbüni tutan ussatlardan operanyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Oraz Hajymyradow, Oraz Çerkezow ýaly drama artistlerinden bolsa sahnada özüňi alyp barmak, sahna herekediniň düzgünleri we sahna dili ussatlygyndan tälim alýar. 1965-nji ýylda opera studiýasyny tamamlan Dursun maşgala ýagdaýy sebäpli öý-hojalyk işleri bilen meşgul bolmaly bolýar. Ol zenan maşgala mahsus bolan ähli işlere ezber bolupdyr. Opera studiýasynda okaýan döwri oňa opera teatrynyň sahnasynda goýulýan operalaryň ençemesinde çykyş edip, özüniň bu ugurdan ukyp-başarnygyny görkezmek hem miýesser edipdir.
1967-nji ýylda Dursun özüni drama sungatynda synap görmek maksady bilen, Aşgabadyň öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky drama studiýasyna okuwa girýär. Dursuna ol ýerde baýry teatryň düýbüni tutan halypa artistler Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Durdymämmet Oraýew, Sona-Suraý Myradowalar, Ata Durdyýew, Aman Gurbandurdyýew, Oraz Çerkezow, Täçbibi Gafurowa, Sabyr Ataýewa dagylardan tälim alyp, drama sungatynyň inçe tilsimlerini ele almak başardýar. Entek talyp döwri drama teatrynyň sahnasynda goýulýan oýunlarda Dursuna keşp janlandyrmagy ynanyp başlaýarlar. Olaryň içinde körpe nesle niýetlenen erteki äheňli oýunlar hem bolupdyr. Dursunyň talypka janlandyran keşbi, ýagny daşary ýurt dramaturgy K.Goldonyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Iki aganyň hyzmatkäri» atly sahna oýnunda ýerine ýetiren öý hojalykçy zenanyň keşbi tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşy alynýar. 1970-nji ýylda drama studiýasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlansoň, Dursun Gurbangulyýewany Mollanepes teatrynyň şol wagtky ýolbaşçysy Aman Gulmämmedow teatrda işe alyp galýar. Aman aga Dursuna öz sahnalaşdyran «Perwana» atly sahnasynda baş keşbi, «Ret bol, ýarag!» atly spektaklda bolsa edermen zenan maşgalanyň keşbini janlandyrmagy tabşyrýar. Drama teatrynda işläp ýörkä aýdyma, saza, tansa bolan höwesi Dursuny öz erkine goýmaýar. Dursun şol höwes bilen 1972-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Wokal bölümine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp bolup galyberýär. 1976-njy ýylda sazçylyk mekdebini tamamlan Dursun şol ýylyň tomsunda okuwyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabadyň öňki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň Hor bölüminde okap başlaýar. 1980-nji ýylda bu okuw jaýyny tamamlan Dursun ýene-de Mollanepes teatrynyň gapysyndan ätleýär. Ol ýerde Dursuna teatryň şol wagtky ýolbaşçysy, halypa artist Sona Myradowa bilen teatryň baş režissýory bolup işläp ýören halypa artist Ata Alowow dagylar teatrda işlemegi teklip edýärler. Şeýdibem ol artistleriň hataryna goşulyp, döredijilikli zähmet çekip başlaýar. Teatra, sahna durmuşyna ymykly aralaşan Dursun ykbalyň emri bilen şol wagtky Teleradio komitetine degişli bolan Hor toparynda hor aýdymçysy bolup işleýär. Şeýle hem hora gatnaýan ýaşlara sazyň teoriýasyndan tälim berip başlaýar.
Ol Aşgabadyň öňki Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda sazyň teoriýasy sapagyndan ýaşajyk saz muşdaklaryna tälim berýär. Soňra Dursuna türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynda çagalar bilen işlemegi teklip edýärler. Dursun çagalara niýetlenen gepleşiklere, ertekilere režissýorlyk etmek bilen, özi hem milli eşikde türkmen halk ertekilerini aýdýardy. Ilkinji açylan gününden häzirki döwre çenli dowam edip gelýän çagalara niýetlenen «Siziň üçin, körpeler!» atly gepleşigiň ilkinji režissýorynyň hem Dursun Gurbangulyýewa bolandygy guwandyryjy wakadyr. Bu dogrusynda Dursun daýzaň özi şeýle diýýär:
– «Ýaşlyk» teleýaýlymynda açylyp, häzirki günlere çenli gelip ýeten «Siziň üçin, körpeler!» atly gepleşigiň ilkinji sanyny göni ýaýlymda geçirmek meniň üçin jogapkärli hem buýsançly waka bolupdy. Ilki-ilkiler körpelere erteki aýdyp bererdik. Meniň özüm hem türkmen milli lybasynda çagalara erteki aýdyp bererdim. Ol wagtlar häzirki ýaly ýazgy edilmeýärdi. Hemme gepleşikler ýüzüniň ugruna göni ýaýlyma gidýärdi. Bu bolsa režissýordanam, alypbaryjydanam örän jogapkärçiligi talap edýärdi. Soň-soňlar biz her dürli gurjaklary, ýagny kirpijik, towşanjyk, tilkijik, köşejik, Alabaý we Garagöz atly güjüjekleri artistleriň kömek bermeginde gepledip ýaýlyma çykaryp başladyk. Şol gurjaklar bilen bolsa halk artistler Nurmuhammet Keşşikow, Aman Baýramberdiýew, şonuň ýaly-da Dürli Geldiýewa, öz şägirdim Aýsoltan Begenjowa dagylar gepleşigi alyp barýardylar. 2007-nji ýyldan başlap bolsa maňa telewizion film spektakllaryny taýýarlamagy tabşyryp başladylar. Şol filmleriň içinde çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe başyndan geçirýän gyzykly wakalaryndan söhbet açýan «Şadyýan tomus» atly film meniň has şowly çykan filmlerimiň biri bolupdy. Ýene-de «Ýaşlyk» teleýaýlymynda maňa türkmen dutarynyň syry barada söhbet açylýan gepleşigi ilkinji gezek açyp, teletomaşaçylara ýetirmek hem miýesser edipdi. Bu gepleşigiň edebi esasynam özüm düzýärdim, alyp baryjysam özümdim.
Hawa, Dursun daýza telewideniýäniň «Miras» teleýaýlymynda işlän döwründe hem ençeme telewizion film spektakllaryny, erteki äheňdäki filmleri režissýor hökmünde surata düşürip, aktýor hökmünde-de dürli häsiýetdäki keşpleri janlandyrypdy. Olardan «Batyr-Jeren», «Azaşan ýigit», «Mirasdar», «Umytlaryň ganaty», «Ak at» atly filmleri görkezmek bolar. Ykbalyny sungata bagyşlap, sungatyň içinde ýaşan Dursun Gurbangulyýewa hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, häzirki günlerde hem telewideniýede ýaýlyma berilýän «Türkmen tebigaty», «Daşky gurşawyň sazlaşygy» atly gepleşiklere režissýorlyk etmek bilen, tebigatymyzyň aýratynlyklaryny, gözelligini, daşky gurşawy goramak ugrunda ýurdumyzdaky goraghanalarda alnyp barylýan işleri açyp görkezýär. Dursun daýza telewideniýede işlän döwründe ýanýoldaşy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, aktýor hem režissýor Oraz Çerkezow bilen maslahatlaşyp işlärdi. Dursun daýzanyň ýetişdiren şägirtleri hem bar. Olar teleýaýlymlarda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işleýärler. Dursun daýzanyň Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary nazara alnyp şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy, şeýle-de baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary bilen sylaglanmagy bolsa guwandyryjy wakadyr. Häzirki wagtda Dursun daýzanyň üç oglundan on sany agtygy, on bäş sany hem çowlugy bar.
Akmyrat HOJABERDIÝEW,
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm»
birleşiginiň hünärmeni.