Gü­neş­li ýur­du­myz­da üzü­miň ha­ly­ly, ge­lin­bar­mak, gy­zyl kiş­miş, ga­ra kiş­miş, ter­baş, gür­go­ýy, riş­ba­ba, ak taý­fy, gyr­my­zy taý­fy ýa­ly gör­nüş­le­ri giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ter­li­gi­ne iý­len­de hem örän süý­ji bol­ýan bu mi­we­den dür­li önüm­ler taý­ýar­lan­ýar. Üzü­miň dür­li gör­nüş­le­ri bo­lup, sort­la­ry­na gö­rä, ýaz aý­la­ryn­dan baş­lap, güý­ze çen­li ha­syl ber­ýär. Gör­nü­şi­ne we eki­len şert­le­ri­ne bag­ly­lyk­da, olar dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň dä­ne­li, bi­dä­ne dür­li ulu­lyk­da­ky we reňk­li gör­nüş­le­ri bar. Adat­ça, bi­dä­ne üzüm­ler has ir ýe­tiş­ýän, ba­zar­da il­kin­ji peý­da bol­ýan mi­we­le­riň bi­ri­dir. Çi­gi­di ýok­lu­gy se­bäp­li, bi­dä­ne üzüm­den mü­rep­be we kiş­miş taý­ýar­lan­ýar. Kiş­miş dür­li şi­re­le­ri taý­ýar­la­mak­da we beý­le­ki ta­gam­la­ra goş­mak üçin giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Üzüm gys­ga wagt­da ha­syl ge­ti­rip baş­la­ýan­dy­gy, bol ha­syl ge­tir­ýän­di­gi we az zäh­met ta­lap ed­ýän­di­gi se­bäp­li, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ara­syn­da iň peý­da­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de üzü­miň bol ha­sy­ly alyn­ýar. Beý­le­ki mi­we­ler bi­len de­ňeş­di­ri­len­de has köp gör­nü­şi bo­lan üzü­miň dü­zü­min­de fos­for, mag­niý, kal­siý ýa­ly mad­da­lar bi­len bir ha­tar­da A we C wi­ta­min­le­ri sak­lan­ýar. Ge­liň, üzüm ba­ra­da kä­bir gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­lyň:
Sag­lyk üçin iň peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri bo­lan üzü­miň wa­ta­ny­nyň Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ry we Mer­ke­zi Azi­ýa­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Dün­ýä­de üzü­miň, tak­my­nan, 8 müň gör­nü­şi bar. Üzü­miň reňk­le­ri hem dür­li-dür­li bol­ýar: ýa­şyl, ak, gy­zyl, gyr­my­zy, ga­ra, gök we sa­ry.
Üzüm­çi­lik azyk se­na­ga­ty­nyň iň uly ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bü­tin dün­ýä­de her ýyl­da, or­ta­ça, 72 mil­li­on ton­na üzüm ha­sy­ly alyn­ýar.
Çi­li dün­ýä­niň üzüm eks­port ed­ýän öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri­dir. ABŞ-da sarp edil­ýän üzü­miň 25 gö­te­ri­mi bu ýurt­dan sa­tyn alyn­ýar.
Adam­lar ýyl­da, or­ta­ça, 3,6 ki­log­ram üzüm iý­ýär.
Gu­ra­dy­lan üzü­miň dü­zü­min­de 15 gö­te­rim suw bar.
Üzü­miň ra­hat­lan­dy­ry­jy tä­si­ri bar. Em­ma bu mi­we aşa köp iýil­se, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na zy­ýan ýe­ti­rip bi­ler.
Dü­zü­mi­niň 80 gö­te­ri­mi suw bo­la­ny üçin üzüm de­ri­niň nem­len­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Üzüm gan­da­ky azot ok­si­di­niň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar, bu ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na kö­mek ed­ýär.
Mis, de­mir we mar­ga­nes ýa­ly mik­roe­le­ment­le­re baý bo­lan üzüm süňk­le­riň berk­li­gin­de mö­hüm­dir.
Üzüm­de ug­le­wod­la­ry ener­gi­ýa öwür­mek üçin ze­rur bo­lan B wi­ta­mi­ni bar. Her gün bir ho­şa üzüm iý­mek be­de­ni­miz­dä­ki ug­le­wod­la­ry we ýo­kum­ly ener­gi­ýa­ny güýç­len­dir­ýär.
Üzüm aga­jy ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 10 de­re­je­den ge­çen­de ösüp baş­la­ýar we güýz­de ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy 10 de­re­je­den pe­sel­ýän­çä ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýär.
Çuň kök­le­ri bo­lan bu ösüm­li­gi ýag­nyň az ýag­ýan ýer­le­rin­de hem ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip bol­ýar.